HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Iýun 23, 2026 | 00:01 |2999
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy migrasiýa gözegçiliginiň we dolandyryşynyň milli ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini hem-de tehnologik innowasiýalaryny ornaşdyrmaga yzygiderli çalyşýandygyny görkezýärTürkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy migrasiýa gözegçiliginiň we dolandyryşynyň milli ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini hem-de tehnologik innowasiýalaryny ornaşdyrmaga yzygiderli çalyşýandygyny görkezýär
Çeşme: migration.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy migrasiýa gözegçiliginiň we dolandyryşynyň milli ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini hem-de tehnologik innowasiýalaryny ornaşdyrmaga yzygiderli çalyşýandygyny görkezýär. Edarany ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça toplumlaýyn strategiýanyň çäklerinde, gullugynyň wekilleri şu ýylyň iýun aýynda birnäçe iri daşary ýurt we sebitara çärelerine gatnaşdylar.

Tehnologik döwrebaplaşdyrmak ulgamynda möhüm ädimleriň biri hem türkmen wekiliýetiniň Amsterdamda geçirilen «Identity Week Europe 2026» halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagy boldy. Bu abraýly ýewropa meýdançasynda gullugyň hünärmenleri biometrik resminamalar, IT-howpsuzlyk we şahsyýeti sanly anyklamak ulgamlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň soňky işläp taýýarlamalary bilen jikme-jik tanyşdylar. Bu bolsa ýurdumyzyň migrasiýa gullugyna ýokary tehnologiýaly usullary mundan beýläk hem ornaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Şol bir wagtyň özünde, edara sebitara durnuklylygy üpjün etmek ulgamynda BMG-niň esasy ynsanperwer guramalary bilen hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň binasynda Halkara migrasiýa guramasynyň wekilhanasy tarapyndan guralan iki günlük ýöriteleşdirilen seminar geçirildi. Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkmenistanyň beýleki ugurdaş ministrlikleriniň hünärmenleri halkara bilermeleri bilen bilelikde bikanun migrasiýanyň öňüni almagyň ählumumy tejribelerine hemmetaraply seljerme geçirdiler.

Tegelek stoluň başyndaky çekişmeleriň dowamynda serhetleri toplumlaýyn we ynsanperwer usulda dolandyrmagyň ýörelgelerine, şeýle-de gözegçilik tapgyrlaryny awtomatlaşdyrmaga hem-de halkara standartlaryna laýyklykda serhetüsti gatnawlaryň aýdynlygyny we howpsuzlygyny ýokarlandurmaga ukyply bolan döwrebap IT-platformalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Gullugyň içerki döwrebaplaşdyrylmagynyň möhüm ugrunyň biri hem maglumat goldawy we edaranyň jemgyýet bilen özara gatnaşyklary üçin jogap berýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boldy. Ýakynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat gulluklarynyň işgärleri üçin amaly seminar geçirildi. Daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda guralan okuw maslahatlarynyň dowamynda migrasiýa edarasynyň wekilleri kommunikasiýalary strategik meýilleşdirmegiň döwrebap mehanizmlerini, köpçülikleýin habar serişdeleri bilen dessin özara gatnaşyk etmegiň usullaryny, şeýle hem resmi beýanatlary we köpçüligiň öňündäki çykyşlary taýýarlamagyň esaslaryny öwrendiler.

Döwlet migrasiýa gullugynyň hünärmenleriniň şular ýaly halkara meýdançalaryna işjeň gatnaşmagy diňe bir işgärleriň hünär mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna ýardam etmän, eýsem Türkmenistanyň öz ynsanperwer syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de ählumumy giňişlikde özara ynamy berkitmek çärelerine jogapkärli çemeleşýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup çykyş edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026