HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Gomel döwlet uniwersitetine baryp gördi

Iýun 22, 2026 | 15:45 |1700
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew iş sapary bilen Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersitetine (GDU) baryp gördi. Bu ýokary okuw mekdebinde türkmen talyplary hem bilim alýarlarTürkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew iş sapary bilen Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersitetine (GDU) baryp gördi. Bu ýokary okuw mekdebinde türkmen talyplary hem bilim alýarlar
Çeşme: Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew iş sapary bilen Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersitetine (GDU) baryp gördi. Bu ýokary okuw mekdebinde türkmen talyplary hem bilim alýarlar. Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysynyň uniwersitetiň rektory Sergeý Hahomow bilen geçiren duşuşygynda akademiki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş we okuw şertleri, şeýle hem bilelikdäki bilim maksatnamalaryny işe girizmegiň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

turkmenistan-ambassador-visit-gomel-state-university (4).jpg

Resmi maksatnama uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlar düzüminiň hem-de türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen medeni-bilim çäresi bilen dowam etdi. Okuw binasynyň eýwanynda zehinli talyp ýaşlar tarapyndan taýýarlanan amaly-haşam sungatynyň, şekillendiriş eserleriniň we halk döredijiligine degişli materiallaryň tematiki sergisi guraldy. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar üçin «Aşgabat» talyp döredijilik topary çykyş edip, türkmen milli tanslaryny ýerine ýetirdi.

turkmenistan-ambassador-visit-gomel-state-university (9).jpg

Ilçi Nazarguly Şagulyýew dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň şygary bolan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryň ähmiýetini belledi. Diplomat bu şygaryň taryhy miras bilen döwletiň geljege gönükdirilen ýaşlar syýasatynyň arabaglanyşygyny şöhlelendirýändigini aýtdy. Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy ýaş watandaşlaryny ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen hem gutlady. Saparyň ahyrynda gatnaşyjylara ýurdumyzyň häzirki zaman durmuş-ykdysady ösüşlerini beýan edýän tanyşdyryş wideoşekili görkezildi.

turkmenistan-ambassador-visit-gomel-state-university (1).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026