HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalary kabul etmek möhletini uzaltdy

Iýun 22, 2026 | 22:20 |6635
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin bäsleşikli seçip alyşa gatnaşmaga resminamalary kabul etmek möhletiniň uzaldylandygyny yglan etdiTürkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin bäsleşikli seçip alyşa gatnaşmaga resminamalary kabul etmek möhletiniň uzaldylandygyny yglan etdi
Çeşme: open sources

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin bäsleşikli seçip alyşa gatnaşmaga resminamalary kabul etmek möhletiniň uzaldylandygyny yglan etdi. Indi resminamalary 2026-njy ýylyň 25-nji iýunyna çenli (şol gün hem degişli) tabşyryp bolar.

Bäsleşikli seçip alyş işi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamalary boýunça okuwa girmek maksady bilen geçirilýär.

Okuwa girmäge umumy orta ýa-da orta hünär bilimi bolan, iňlis dilini bilýän, 18-den 25 ýaşa çenli bolan Türkmenistanyň raýatlary goýberilýär. Resminamalary kabul etmek Aşgabat şäherindäki Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde (HYYweÖU) amala aşyrylýar.

Dalaşgärler iňlis diline terjime edilen resminamalaryň standart toplumyny tabşyrmalydyr. Şahsy sowalnamalardan, pasportlardan, saglyk baradaky kepilnamalardan we umumy orta bilim, orta hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgalaryndan, başga-da SAT, TOEFL, IELTS, HSK halkara şahadatnamalary, CSCA synagynyň netijelerini tabşyryp bilerler. Şeýle şahadatnamalaryň hem-de döwlet we halkara ders bäsleşiklerindäki ýeňişler dalaşgärlere goşmaça artykmaçlyk berer.

Giňişleýin maglumatlar we gerekli resminamalarynyň sanawy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda tanşyp bolar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169 (HYYweÖU)

Telefon belgileri: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25

E-mail: admissioniuhd@gmail.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026
Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

17:44 Oktýabr 13, 2026
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026