HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Polşanyň migrasiýa edaralary Warşawada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

Iýun 23, 2026 | 00:20 |2907
Warşawa şäherinde Polşa Respublikasynda saparda bolýan milli wekiliýete ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow bilen Polşa Respublikasynyň Serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda iş duşuşygy geçirildiWarşawa şäherinde Polşa Respublikasynda saparda bolýan milli wekiliýete ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow bilen Polşa Respublikasynyň Serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda iş duşuşygy geçirildi
Çeşme: migration.gov.tm

Warşawa şäherinde Polşa Respublikasynda saparda bolýan milli wekiliýete ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow bilen Polşa Respublikasynyň Serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar sebit howpsuzlygyny, durnuklylygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara maksatnamalar we başlangyçlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem dünýä migrasiýa ulgamyndaky esasy meýiller barada giňişleýin pikir alyşdylar.

Duşuşygyň esasy netijesi hökmünde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen Polşa Respublikasynyň Serhet gullugynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu resminamanyň amaly taýdan durmuşa geçirilmegi öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin mümkinçilikleri giňeltmäge, yzygiderli ikitaraplaýyn maslahatlaşmalary we bilermenler derejesindäki duşuşyklary ýola goýmaga, şeýle hem iki ýurduň degişli ugurdaky hünärmenleriniň arasynda göni hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Taraplar gol çekilen ähtnamanyň döwletara dialogy diwersifikasiýalaşdyrmak ýolunda möhüm ädim bolup durýandygyny hem-de Aşgabat bilen Warşawanyň arasynda migrasiýa ulgamyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly halkara-hukuk binýadyny döredýändigini bellediler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026