HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda «Pikirler gijesi»: Fransuz instituty emeli aň we ekologiýa boýunça açyk pikir alyşmalary geçirer

Iýun 20, 2026 | 16:30 |1372
21-nji iýunda Aşgabatdaky Fransuz instituty «Pikirler gijesi» atly giň gerimli halkara başlangyjyna goşular21-nji iýunda Aşgabatdaky Fransuz instituty «Pikirler gijesi» atly giň gerimli halkara başlangyjyna goşular
Çeşme: Türkmenistandaky Fransuz instituty

21-nji iýunda Aşgabatdaky Fransuz instituty «Pikirler gijesi» atly giň gerimli halkara başlangyjyna goşular. Şol agşam paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary emeli aňyň ornaşdyrylmagyndan başlap daşky gurşawy goramaga çenli häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça açyk pikir alyşmalara gatnaşyp bilerler. Şu ýylky duşuşyklaryň mowzugy «Ýoly açmak» diýlip atlandyrylýar.

Çäräniň maksady hünärmenleri we işjeň raýatlary bir meýdançada jemläp, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini bilelikde gözlemekden ybaratdyr. Gatnaşmak ähli isleg bildirýänler üçin mugt bolup, bu myhmanlara hünärmenlerden gymmatly maglumatlary almak we olara sorag bermek mümkinçiligini döredýär.

Французский институт проведет открытые дискуссии1

Agşamyň maksatnamasy üç esasy ugurdan ybarat bolar:

15:00 — Sungat we bilim. Sanly döwürde çeperçilik biliminiň orny baradaky panel pikir alyşma. Bilermenler, suratkeşler we teatr işgärleri däp-dessurlary täze IT gurallary bilen utgaşdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

16:00 — Ekologiýa we durnukly ösüş. Ekologlaryň we jemgyýetçilik işjeňleriniň gatnaşmagynda geçiriljek pikir alyşma. Gatnaşyjylar sebitdäki ekologik meseleleri, ýaşlaryň tebigaty goramakdaky ornuny we «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşarlar.

16:30 — Emeli aň we hünärleriň geljegi. Ýerli IT hünärmenleriniň gatnaşmagynda tegelek stol. Esasy mowzuklar emeli aňyň zähmet bazaryna täsiri we Türkmenistanda sanly özgertmeleriň geljegi bolar.

Bu çäre talyplar, mugallymlar, ýaş hünärmenler hem-de tehnologiýalar we ekologik başlangyçlar bilen gyzyklanýan ähli adamlar üçin peýdaly bolar.

Habarlaşmak üçin salgy:

Aşgabat şäheri, Aga Garryýew köçesi, 69-njy jaý

📍 https://maps.app.goo.gl/twQYFZ87iNMDLXMd9

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026