Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň şahamçasy «Bagtyýarlyk» guýylary üçin enjamlary satyn almak boýunça CIT-26035-MR belgili tender yglan etdi


Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky «Internasional Ltd.» şahamçasy «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň A we B bloklaryndaky gaz guýularyny tamamlamak üçin ýerasty enjamlary satyn almak boýunça 2026–2027-nji ýyllary öz içine alýan № CIT-26035-MR belgili tender yglan etdi.
Tenderde gatnaşmak isleýän kompaniýalar tenderiň belgisi we ady, kompaniýanyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy hem-de rekwizitleri görkezilen resmi arzany tabşyrmalydyr.
Ýazmaça arza tabşyrylandan soň, gatnaşyjylara tender resminamalarynyň tölegini geçirmek üçin hasap-faktura berler. Tender resminamalaryny almak üçin kompaniýanyň wekiliň pasportynyň nusgasy, resminamalary almaga ygtyýar berýän baş ynanç hatynyň nusgasy hem-de tölegiň geçirilendigini tassyklaýan resminama hödürlenmelidir.
Arzalar bildirişiň çap edilen gününden başlap ýedi senenama gününiň dowamynda, ýagny 2026-njy ýylyň 19–25-nji iýuny aralygynda kabul edilýär.
Bellenilen möhletden soň gelip gowşan resminamalar kabul edilmeýär.
Tenderiň şertleri baradaky goşmaça maglumatlary Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasyndan alyp bolýar.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Jogapkär şahs: Narine Simonýan
Salgysy: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, şahamçanyň ofisi, Aşgabat, Türkmenistan
Telefon: (+993 12) 44-54-34







