Türkmenistanyň wise-premýeri Moskwada GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisine başlyklyk eder


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarynyň wise-premýerleriniň gatnaşmagynda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisi 26-njy iýunda Moskwada geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow başlyklyk eder.
Gataşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary GDA-nyň giňişliginde köptaraply söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar. Utgaşdyrylan gün tertibiniň çäklerinde Ykdysady geňeşiň agzalary hyzmatdaşlygyň iň esasy taraplary boýunça pikir alyşarlar, şeýle hem Arkalaşygyň ýurtlarynda 2030-njy ýylda milli ilat ýazuwyny taýýarlamagyň we geçirmegiň barşyna jikme-jik serederler.
Öňde boljak duşuşygyň gün tertibi GDA ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüşiniň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça esasy maksatlaýyn makroykdysady görkezijilerine çuňňur seljerme geçirilmegini we Arkalaşygyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş Strategiýasynyň birinji tapgyrynyň çäreleriniň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine baha berilmegini öz içine alýar. Mundan başga-da, wise-premyerler salgyt dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin maglumatlary elektron görnüşde alyşmak baradaky hereket edýän döwletara teswirnama tehnologik üýtgetmeleri girizmek meselesini maslahatlaşarlar. Mejlise gatnaşyjylaryň üns merkezinde sanlylaşdyrmak, zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, weterinariýa we karantin çärelerini utgaşdyrmak, şeýle hem tokaý hojalygy ugurlaryndaky bilelikdäki taslamalar we kadalaşdyryjy mehanizmler hem bolar.







