HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Iýun 21, 2026 | 13:00 |308
Çeşme: orient.tm

Oýundan diňe 24 sagat öň ABŞ-na girmek, oýundan soň haýal etmän ýurtdan çykmak, işgärlere wiza bermekden ýüz dönderilmegi, gap-garşylyklar sebäpli milli çempionatyň wagtlaýyn togtadylmagy. Hemme zada garamazdan, Eýran Täze Zelandiýa bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Tälimçi milli ýygyndyny ýaryşyň «iň köp gysylan» topary diýip atlandyrdy.

“CCTV+”iň habar bermegine görä, ABŞ-na syýahat etmek boýunça girizilen gadagançylyklar, wiza bermekden ýüz dönderilmegi we sebitdäki gapma-garşylyklar sebäpli, Eýranyň ýygyndysy häzirki bolup geçýän FIFA-nyň futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin meýdançanyň daşynda örän uly bökdençlikleri ýeňip geçdi. Toparyň taýýarlygy çempionatyň başlanmagyna diňe birnäçe hepde galanda Amerikanynyň Arizona ştatyndan Meksikanyň Tihuana şäherine geçirildi.

Indi topara ABŞ-na diňe oýundan öňki 24 sagadyň dowamynda girmäge rugsat berilýär we ol gapma-garşylykly hereketler sebäpli içerki çempionatyň wagtlaýyn togtadylmagy bilen has hem kynlaşan ýagdaýda, oýundan soň ýurdy haýal etmän terk etmelidir.

Ýagdaý duşenbe güni Los-Anjelesde Täze Zelandiýa garşy geçirilen açylyş oýnunyň öňisyrasynda birnäçe işgäre amerikan wizalarynyň berilmezligi bilen has hem ýitileşdi, bu bolsa topary oýundan tas dessine soň ýurdy terk etmäge mejbur etdi. Bu bolsa baş tälimçi Amir Galenoiniň Eýranyň dünýä çempionatyndaky «iň köp gysylan» topardygy barada mälim etmegine getirdi. Ýygyndydaky ýagdaýa ýakyndan belet bolan adam — Jelal Tabatabaýi şeýle diýdi: «Meniň pikirimçe, FIFA olara garşy has adalatly bolmalydyr. Bu örän kyn aýgdaý. Olar üçin kyn, ulag meseleleri artykmaç kynçylyk döredýär. Bu ýerden Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gitmek üçin wiza almak örän kyn».

Eýranyň ýokary derejeli futbol çempionaty — Pars professional ligasy — 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda näbelli möhlete çenli wagtlaýyn togtadyldy. Geosyýasy dartgynlylyga garamazdan, Eýran Tihuanada güýçli goldawdan peýdalandy. Ýerli janköýerler topary goldamak üçin münberleri doldurdylar. Indiki ädimde olar toparyň faworiti bolan Belgiýa bilen duşuşmaly we şondan soň güýçli Müsür ýygyndysyna garşy toparçalaýyn tapgyryň jemleýji oýnuny geçirmeli bolarlar, emma olaryň janköýerleri ynamyny saklaýarlar.

Eýranly janköýerleriň biri şeýle diýdi:

«Oýunçylaryň häsiýeti örän güýçli. Olar munuň hötdesinden gelip bilerler. Men olaryň munuň hötdesinden gelip biljekdiklerine ynanýaryn. Bu kyn topar. FIFA bilen baglanyşykly ýagdaý hem gaty kyn. Meniň pikirimçe, bu adalatly däl. Ýöne nähili hem bolsa, olar öz ellerinden geleniniň iň gowusyny etmelidirler. Olar öz ýurdy üçin göreşýärler. Bu meýdançada örän aýdyň görünýär».

2026-njy ýylyň giňeldilen dünýä çempionaty rekord derejedäki— 48 topary bir ýere jemledi we ol ilkinji gezek üç ýurt: Meksika, Kanada we Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan bilelikde guralýar. Ýaryş 19-njy iýula çenli dowam eder. Eýran üçin bolsa her bir duşuşyk diňe bir oýun däl, eýsem öz seslerini dünýä ýetirmek hukugy ugrundaky göreşdir.

Pars professional ligasy — Eýranyň ýokary futbol diwizionydyr. Ol 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda wagtlaýyn togtadyldy. Eýran raýatlary üçin wiza çäklendirmeleri — gapma-garşylyk sebäpli has-da ýitileşen ulgamlaýyn meseledir.

Eýranyň ýygyndysy Meksikada ýerleşmäge we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna diňe oýunlaryň geçirilýän wagtynda girmeli bolýar. Ähli kynçylyklara garamazdan, topar Täze Zelandiýa bilen deňme-deň (2:2) oýnap, öz häsiýetini görkezdi. Öňde bolsa — Belgiýa we Müsür bilen duşuşyklar garaşýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026