HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýyldyzlara ýetmek: Türkmenistanly 15 ýaşly gyzjagazyň hekaýasy

Iýun 21, 2026 | 19:19 |3677
Kosmos tehnologiýalary, fizika, ýokary matematika we programmalaşdyrmak — uzak wagtlap bu ugurlar esasan erkekleriň dünýäsi hasaplanýardy. Emma döwür üýtgeýär we şu gün planetanyň çar tarapyndan bolan ýaş gyzlar akyl, zehin hem-de ýyldyzlar baradaky arzuwlar üçin gender çäklendirmeleriniň ýokdugyny subut edýärlerKosmos tehnologiýalary, fizika, ýokary matematika we programmalaşdyrmak — uzak wagtlap bu ugurlar esasan erkekleriň dünýäsi hasaplanýardy. Emma döwür üýtgeýär we şu gün planetanyň çar tarapyndan bolan ýaş gyzlar akyl, zehin hem-de ýyldyzlar baradaky arzuwlar üçin gender çäklendirmeleriniň ýokdugyny subut edýärler
Çeşme: awtor tarapyndan berildi

Kosmos tehnologiýalary, fizika, ýokary matematika we programmalaşdyrmak — uzak wagtlap bu ugurlar esasan erkekleriň dünýäsi hasaplanýardy. Emma döwür üýtgeýär we şu gün planetanyň çar tarapyndan bolan ýaş gyzlar akyl, zehin hem-de ýyldyzlar baradaky arzuwlar üçin gender çäklendirmeleriniň ýokdugyny subut edýärler.

Munuň aýdyň tassyklamasy bolsa, dünýäniň 108 ýurdundan gelen uly maksatly gyzlary birleşdiren “ShakthiSat” atly ählumumy halkara başlangyjy — STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) ulgamyndaky giň gerimli bilim maksatnamasy boldy. Taslamanyň baş maksady diňe bir nazaryýet däl-de, eýsem hakyky kosmos ylmy we Ýer töweregindäki orbita hakyky hemra goýbermäge taýýarlyk görmekdir.

“ShakthiSat” maksatnamasy kosmos tehnologiýalary we STEM-bilim ulgamynda işleýän hindi guramalarynyň goldamagynda amala aşyrylýar. Gatnaşyjylar hemra gurluşygynyň esaslaryny öwrenmäge mümkinçilik alýarlar, olaryň iň gowy saýlananlary bolsa hakyky kosmos taslamasynyň üstünde işlemegiň amaly tapgyryna goýberilýär.

Aybolek Andagurbanova.jpg

Taslamanyň adyndaky we konsepsiýasyndaky 108 sany tötänden saýlanmandyr. Aerokosmos inženerçiliginde takmynan 108 gatnaşygy “ussatlyk kosmos deňlemesi” (master cosmic alignment) diýlip atlandyrylýar. Bu biziň Gün ulgamymyzyň täsin geometrik gabat gelmesidir. Ýerden Güne çenli bolan aralyk takmynan Günüň 108 diametrine deňdir. Ýerden Aýa çenli bolan aralyk bolsa takmynan Aýyň 108 diametrine deňdir.

Hut şu üýtgeşik deňagramlylyk sebäpli, biziň asmanymyzda Aýyň we Güniň görünýän ölçegleri birmeňzeş ýaly bolup görünýär, bu bolsa doly Gün tutulmalarynyň emele gelmegini mümkin edýär. “ShakthiSAT” aý missiýasy üçin bu san älem takyklygynyň we sazlaşygynyň simwolyna öwrüldi.

Köp medeniýetlerde, aýratyn hem Hindistanda, 108 sany simwoliki hasaplanýar we ol dünýäni tanap bilmek, sazlaşyk hem-de kämillige ymtylmak bilen baglanyşdyrylýar.

Hut şonuň üçin hem guramaçylar öz öňlerinde belent maksat goýdular — dünýäniň 108 ýurdundan gelen gatnaşyjylary ylmy ösüşiň, halkara hyzmatdaşlygyň we kosmosy öwrenmegiň umumy pikiriniň daşynda birleşdirmek.

Taslamany hindi alymy, inženeri we “Space Kidz India” kosmos bilim maksatnamasynyň esaslandyryjysy doktor Şrimati Kesan (Dr. Srimathy Kesan) öňe sürdi. Ol köp ýyllaryň dowamynda gyzlaryň STEM ulgamyndaky mümkinçiliklerini giňeltmäge aýratyn üns berip, çagalaryň we ýaşlaryň arasynda ylymyň hem-de tehnologiýalaryň meşhurlaşmagy ugrunda iş alyp barýar. Onuň ýolbaşçylygynda “Space Kidz India” bilim hemralaryny goýbermek we mekdep okuwçylaryny kosmos pudagynda işlemäge taýýarlamak boýunça birnäçe halkara taslamalary durmuşa geçirdi.

Dr Srimathy Kesan.jpg

Doktor Şrimati Kesanyň özi üçin “ShakthiSat” taslamasy diňe bir bilim maksatnamasy däl-de, eýsem kosmos pudagynyň geljeginiň, ýaşaýan ýurduna we jynsyna garamazdan, zehinli ýaşlar üçin deň mümkinçilikleriň esasynda gurulmalydygyny görkezmek pursatydyr.

Bu abraýly maksatnama Türkmenistandan 14 sany mekdep okuwçysy (gyzlar) gatnaşdy. Emma finala diňe sanlyja adam ýetip bildi, Hindistandaky amaly tapgyrda ýurdumyza wekilçilik etmek hukugyna bolsa 15 ýaşly Elif Gylyjowa gazandy.

Çylşrymly ýollar bilen üstünlige: 21 modul we polat ýaly düzgün-nyzam

“ShakthiSat” maksatnamasy — bu göwün açyjy lager däl-de, eýsem hemra tehnologiýalaryna we astronomiýa çynlakaý hem-de çuňňur aralaşmakdyr. Okuwlar onlaýn görnüşde geçirilip, öz içine iň çylşyrymly 21 sany okuw modulyny aldy.

Uzakdan aralykdan okamagyň (bilim almagyň) nähili kyndygyna köp adamlar düşünýändir. Bu ýerde başyňda durjak mugallymlar hem, synp otagynyň berk çäklendirmeleri hem ýokdur. Onlaýn bilim almak örän uly jogapkärçiligi, kämilligi we polat ýaly berk öz-özüňi dolandyrmagy talap edýär. Deň-duşlaryň dynç alýan ýa-da gezelenç edýän wagty, seniň fizika we matematika boýunça iň çylşyrymly formulalaryň başyna geçmelidigiňe düşünmek aňsat däl. Bu bolsa akyl we emosional intellektiň iň ýokary görnüşidir.

Leili Zahyrova.jpg

Ýadawlykdan ýa-da içgysgynçlykdan ýaňa ýarym ýolda taşlaman, ahyryna çenli ýetmek hem-de örän uly möçberdäki maglumaty özleşdirip başarmak — bu eýýäm güýçli häsiýeti talap edýän ägirt uly ýeňişdir. Türkmenistandan gatnaşan 14 sany gyzyň arasyndan bu kyn synagdan ajaýyp üstünlik bilen geçip, finala çykmagy başaran üç gyz boldy:

Leýli Zahyrowa, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 7-nji orta mekdebi;

Aýbölek Andagurbanowa, Mary şäherindäki 24-nji zehinli çagalar mekdebi

Elif Gylyjowa, Aşgabat şäheriniň 87-nji orta mekdebi.

Kesgitleýji saýlama: söhbetdeşlikden Hindistana uçuşa çenli

Maksatnamanyň jemleýji tapgyry “ShakthiSat” taslamasynyň halkara bilermenler topary bilen geçirilen onlaýn söhbetdeşlik boldy. Bu synagda diňe bir 21 modulyň dowamynda alnan bilimler däl-de, eýsem çeýe ukyplar: tankydy pikirlenmek başarnygy, maksada oklylyk, stresse durnuklylyk we kosmosa bolan hakyky gyzyklanma hem barlanyldy.

Berk baha beriş ölçegleriniň esasynda taslamanyň topary özüniň iň soňky saýlawyny etdi. Elif Gylyjowa taslamanyň ýeňijisi boldy. Hut şu zehinli 15 ýaşly gyzjagaz amaly okuw tapgyrynda Türkmenistanyň adyndan çykyş eder, ol bolsa eýýäm awgust aýynyň ahyrynda Hindistanda geçiriler.

Bu ýeňşe barýan ýol, höweslendirmeler we geljekki meýiller barada has giňişleýin bilmek üçin biz Elif bilen söhbetdeş boldyk.

Kosmos arzuwdan başlanýar: Elif Gylyjowa bilen söhbetdeşlik

Elif Gylyjova.jpeg

«Elif, kosmos tehnologiýalary we STEM — 15 ýaş üçin gaty seýrek duş gelýän gyzyklanma. Seniň kosmosa, fizika we matematika bolan höwesiň nämeden başlandy?»

Elif: Men ylyma we tehnologiýalara ilkinji gezek 10 ýaşymda gyzyklanyp başladym. Ejem maňa “Technovation Girls” maksatnamasyna gatnaşmagy maslahat berdi. Dogrusyny aýtsam, başda men islemedim, ýöne ejem meni iň bolmanda synanyşyp görmäge yrdy. Bu bolsa meniň hakykatdan hem göwnüme ýarady! Biz topar döretdik we olar bilen bilelikde köp sanly taslamalary durmuşa geçirdik. STEM-de meniň iň gowy görýän zadym — biziň hemmämiz çylşyrymly meseleler üçin täsin çözgütleri tapmagy öwrenýäris.

«“ShakthiSat” maksatnamasy — bu onlaýn görnüşdäki 108 sany ýokary derejeli sapakdan ybarat bolan çylşyrymly 21 okuw modulydyr. Göwnüň çöken ýa-da ýadawlygyň duýlan pursatlary boldumy? Deň-duşlaryň dynç alýan wagty seniň okamaly bolmagyň, yza gaýtman dowam etmegiňe näme kömek etdi?»

Elif: Elbetde, hemme zadyň hakykatdan hem kynlaşan pursatlary boldy. Maglumatyň möçberi örän uludy, ony özleşdirmek üçin bolsa wagt azdy. Ýöne maňa sport kömek etdi. Men türgen gyz. Maşklar arkaly gazanan düzgün-nyzamym, wagty dogry dolandyrmak ukybym we sport häsiýetim maňa bu kynçylyklary ýeňip geçmäge ýardam etdi. Bu maksatnama ugrunda men hatda türgenleşiklerimi hem wagtlaýynça bes etmeli boldum, ýöne bu hakykatdan hem şuňa degýärdi.

«Türkmenistandan gatnaşan 14 gyzyň arasyndan Hindistana hut seniň özüň gidýärsiň. Jemleýji söhbetdeşlikden soň halkara toparyň hut seni saýlandygyny bilen wagtyň nähilli duýgulary başdan geçirdiň?»

Elif: Ilki bilen, çäksiz şatlyk duýdum. Bolup geçen ähli zatlar we eýýäm gazanan örän uly tejribäm üçin hakykatdan hem örän minnetdar. Indiki tapgyra geçýändigime gaty şat. Netijeler yglan edilende, belli bir derejede ýeňillik duýgysy geldi, ýöne şol bir wagtyň özünde 23-nji awgustyň eýýäm golaýlaşýandygyna hem düşünýärin. Arkaýynlaşmaly däl — häzir maňa maglumatlary, aýratyn hem elektronikany has çuňňur öwrenmek gerek.

«Awgust aýynyň ahyry eýýäm gaty golaýda. Hindistana guruljak bu sapardan we hakyky kosmos hemrasynyň üstünde işlejek pursatlaryňdan has köp nämä garaşýarsyň?»

Elif: Beýleki ýurtlardan geljek gyzlar, bu maksatnama şonça zähmet siňdiren guramaçylar we inženerler bilen duşuşmaga gaty uly sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Hakyky hemra ýasaýan toparyň bir bölegi bolmagy, synag we gözleg barlaghanalarynda işlemegi tüýs ýürekden isleýärin. Mundan başga-da, maksatnamanyň guramaçylarynyň özleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň şeýle ajaýyp pikire nähili gelendikleri barada sorap bilsem, gaty gowy bolardy!

«Elif, sen iň ýokary maksada okgunlylygyň ajaýyp nusgasy. Özüňiň 15 ýaşyňda seýrek duş gelýän häsiýete — uly maksada ünsüňi jemläp, kynçylyklara we ýadawlyga garamazdan, oňa tarap ädimme-ädim öňe gitmek ukybyna eýesiň. Biz seni bu ägirt uly ýeňşiň bilen gutlaýarys we Hindistanda saňa şowlylyk arzuw edýäris! Goý, bu hemra seniň ylymdaky uly we aýdyň ýoluň başlangyjy bolsun. Türkmenistan saňa buýsanýar!»

Elife Hindistanda näme garaşýar?

Öňde Elife iň gyzykly pursatlar garaşýar. Hindistana boljak bu sapar onuň öňünde hakyky amaly kosmonawtika dünýäsiniň gapylaryny açar. Maksatnamanyň jemleýji tapgyrynyň çäklerinde bütin dünýäden gelen gatnaşyjylar alan bilimlerini amalyýetde ulanmak üçin bir ýere jemlenişerler: olar döwrebap barlaghanalarda işläp görerler we emeli hemrany äleme goýbermäge taýýarlamak işine gönüden-göni gatnaşarlar.

Bu sapar diňe bir zähmetsöýerligiň baýragy däl-de, eýsem Türkmenistanyň ýaşlarynyň mümkinçiliklerini dünýä ylmy meýdançasynda görkezmek, pikirdeş gyzlar bilen halkara tanyşlyklary ýola goýmak we ylym hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky geljekki kärine tarap ýene bir möhüm ädim ätmek üçin ajaýyp pursatdyr.

Maýa ANNAÝEWA

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan iki obany Gyrgyzystana berdi we Gazagystana ýer çalşygy teklip etdi

Özbegistan iki obany Gyrgyzystana berdi we Gazagystana ýer çalşygy teklip etdi

22:05 Iýun 24, 2026
Türkmen dizaýneri Tanger Fashion Week 2026 moda hepdeliginde öz kolleksiýasyny hödürledi

Türkmen dizaýneri Tanger Fashion Week 2026 moda hepdeliginde öz kolleksiýasyny hödürledi

22:00 Iýun 24, 2026
Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni

Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni

21:13 Iýun 24, 2026