HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň gallaçylary 1 million tonnadan gowrak ak bugdaýy ýygnadylar

Iýun 21, 2026 | 09:30 |2717
Türkmenistanda galla oragy möwsümi ýokary depginler bilen dowam edýär. Şu güne çenli ýurduň gallaçy kärendeçileri 1 million tonnadan gowrak azyklyk gallany ýygnap hem-de Watan harmanyna tabşyryp, möhüm aralyk görkezijä ýetdilerTürkmenistanda galla oragy möwsümi ýokary depginler bilen dowam edýär. Şu güne çenli ýurduň gallaçy kärendeçileri 1 million tonnadan gowrak azyklyk gallany ýygnap hem-de Watan harmanyna tabşyryp, möhüm aralyk görkezijä ýetdiler
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanda galla oragy möwsümi ýokary depginler bilen dowam edýär. Şu güne çenli ýurduň gallaçy kärendeçileri 1 million tonnadan gowrak azyklyk gallany ýygnap hem-de Watan harmanyna tabşyryp, möhüm aralyk görkezijä ýetdiler.

Häzirki galla oranynyň ýokary depgini obasenagat toplumynyň tehniki parkynyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we pudagyň ylmy esasynda ösdürilmegi bilen şertlendirilendir. Sebitlerde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýerli howa şertlerine uýgunlaşan bugdaý görnüşleri seçip almak, şeýle hem azyk howpsuzlygyny berkitmek üçin bu pudaga hususy önüm öndürijileri çekmek boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar.

Häzirki galla orany üznüksiz tertipde guraldy. Ammarlara, elewatorlara we un üweýji kärhanalar galla kabul edişligini bökdençsiz üpjün etmek üçin gije-gündiz işleýärler.

Şeýle hem galla oragy döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara gije-gündiz hyzmat edip, olary ähli zerur bolan ýangyç, çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edýär.

Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bu bolsa ekerançylary ýetişdirilen bol hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almaga, döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça boýun alan şertnamalaýyn borçnamalaryny doly ýerine ýetirmäge bolan höwesini artdyrýar.

Obasenagat toplumynyň degişli düzümleriniň agzybir we sazlaşykly işlemegi, şertnamalaýyn borçnamalary doly ýerine ýetirmäge hem-de ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen galla oranynyň ýokary depginlerini saklamaga mümkinçilik berýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026