HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Özbegistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler

Iýun 21, 2026 | 09:57 |3685
20-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisi geçirildi. Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet we türkmen tarapynyň ýolbaşçylary pudagara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy20-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisi geçirildi. Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet we türkmen tarapynyň ýolbaşçylary pudagara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
Çeşme: tdh.gov.tm

Aşgabatda geçirilen hökümetara toparynyň 19-nji mejlisiniň netijeleri

20-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisi geçirildi. Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet we türkmen tarapynyň ýolbaşçylary pudagara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.

Mejlisleriň barşynda taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini jikme-jik seljerdiler we özara haryt dolanyşygynyň durnukly ösüşini saklamagyň gurallaryny maslahatlaşdylar. Energetika, ulag-logistika ulgamy, oba hojalygy, farmasewtika senagaty we syýahatçylyk ugurlary özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Wekilýetler senagat kooperasiýasyna, şol sanda himiýa pudagyna, awtomobil gurluşygyna we elektrotehnika önümçiligine aýratyn üns berdiler. Bilelikdäki toparyň işiniň jemleri boýunça ugurdaş edaralaryň gysga we orta möhletleýin geljek üçin anyk meýilnamalaryny kesgitlän jemleýji Teswirnama gol çekildi.

Pudagara gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň geçirilmeginiň öňisyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşligiň başynda myhman döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow doganlyk respublikanyň ýolbaşçylygyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip we Aşgabadyň Daşkent bilen dost-dogonlyk gatnaşyklaryny deňhukuklylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Döwlet Baştutany wekiliýete toparyň mejlisiniň çäklerinde üstünlik arzuw etdi we kabul edilen çözgütleriň döwletara dialogyň yzygiderli ösmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Ýokary derejedäki duşuşyklarda-da, pudagara çekişmeleriň çäklerinde-de esasy üns ulag düzümini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirildi. Gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan we Özbegistan üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberini mundan beýläkde artdyrmagy hem-de gümrük-logistika amallaryny ulgamlaýyn ýenilleşdirmegi maksat edinýärler.

20062026-turkmenistan-uzbekistan-joint-commission-19th-meeting-ashgabat (2).jpg

Taraplar geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana amala aşyran saparynyň dowamynda açylan türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň ýokary netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler. Bu infrastruktura desga sebitara kooperasiýasyna hem-de Işewürlik geňeşiniň ugry boýunça iki ýurduň hususy işewürliginiň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine güýçli itergi berdi.

Resmi çäreleriň ahyrynda taraplar diňe bir söwda-maýa goýum däl, eýsem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem giňeltmek ýoluna ygrarlydyklaryny tassykladylar we özara Medeniýet günleriniň hem-de ylmy alyşmalaryň yzygiderli geçirilip durulmagynyň möhümdigini mälim etdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026