HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Mençe, türkmençe! atly türkmen dili gepleşik kluby açylar

Iýun 19, 2026 | 01:02 |1532
Aşgabatda Mençe, türkmençe! atly türkmen dili gepleşik kluby öz işine başlar. Klub dil endiklerini ösdürmek, söz baýlygyny giňeltmek we türkmen diliniň medeniýetini wagyz etmek maksady bilen döredildiAşgabatda Mençe, türkmençe! atly türkmen dili gepleşik kluby öz işine başlar. Klub dil endiklerini ösdürmek, söz baýlygyny giňeltmek we türkmen diliniň medeniýetini wagyz etmek maksady bilen döredildi
Çeşme: Orient.tm

Aşgabatda Mençe, türkmençe! atly türkmen dili gepleşik kluby öz işine başlar. Klub dil endiklerini ösdürmek, söz baýlygyny giňeltmek we türkmen diliniň medeniýetini wagyz etmek maksady bilen döredildi.

Klubyň maksatnamasyna häzirki zaman meseleleri boýunça çekişmeler, tanyşdyrylyş we döredijilik çykyşlary, intellektual oýunlar, tematik duşuşyklar hem-de kino agşamlary girýär. Şeýle görnüş gatnaşyjylara aragatnaşyk endiklerini kämilleşdirmäge we türkmen dilini gündelik durmuşda has ynamly ulanmaga ýardam berer.

Kluba tejribeli mugallym we dil klublarynyň ýolbaşçysy Begenç Orazmämmedow ýolbaşçylyk eder. Guramaçylaryň bellemegine görä, sapaklar sözleýiş medeniýetini ösdürmäge, dil tejribesini artdyrmaga we türkmen dilinde janly aragatnaşyk üçin meýdança döretmäge gönükdiriler.

Ilkinji duşuşyk 20-nji iýunda sagat 17:00-da A. Seýdi köçesi, 70/1 salgysynda ýerleşýän «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkeziniň «C» blogunyň 1-nji gatyndaky Bilelik Hub döredijilik merkezinde geçiriler.

Guramaçylar ähli isleg bildirýänleri kluba goşulmaga we türkmen dilini interaktiw görnüşde kämilleşdirmäge çagyrýarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026
Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

17:44 Oktýabr 13, 2026
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026