HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Iýun 19, 2026 | 21:05 |3423
2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Içeri işler ministri S.Tamazaşwili bilen duşuşygy boldy2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Içeri işler ministri S.Tamazaşwili bilen duşuşygy boldy
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Içeri işler ministri S.Tamazaşwili bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň başynda Ilçi söhbetdeşini Içeri işler ministri wezipesine bellenilmegi bilen gutlady we geljekki işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

turkmenistan-ambassador-georgia-minister-interior-meeting (2).jpg

Gepleşigiň dowamynda taraplar jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek, hukuk tertibini berkitmek, şeýle hem özara hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini kämilleşdirmek ulgamyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ilçi iki ýurduň degişli düzümleriniň arasyndaky ynanyşmak dialogyny has-da berkitmegiň möhümligini nygtap, hukuk goraýjy edaralaryň degişli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.

Ministr öz gezeginde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ugurdaş edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi hem-de iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

turkmenistan-ambassador-georgia-minister-interior-meeting (1).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026