Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi


11–12-nji iýunda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde «Klimat bilen bagly herekede ählitaraplaýyn goşulyşmak we deň derejede gatnaşmak» atly iki günlük talyplar üçin niýetlenen okuw maslahaty geçirildi. Bilim beriş taslamasy Merkezi Aziýada ekologiýa howpsuzlygyny we hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ÝHHG-niň ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Çäre paýtagtymyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny bir ýere jemledi. Maslahatlaşmalara Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmen döwlet Binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary gatnaşdylar.
Okuw maksatnamasynyň esasy maksady ýaşlaryň howa üýtgemeleriniň sebit we ählumumy howpsuzlyga ýetirýän täsiri baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Gatnaşyjylaryň öňünde häzirki zaman ekologiýa syýasaty boýunça seljeriş maglumatlaryny hödürlän abraýly halkara bilermenleri çykyş etdiler. Okuw maslahatyň amaly bölüminde talyplar interaktiw simulýasiýanyň çäklerinde özbaşdak Howa hyzmatdaşlygy boýunça ýaşlaryň Kararnamasynyň taslamasyny taýýarlap, ony tanyşdyrdylar.
Şeýle taslamalara gatnaşmak ýaşlara liderlik ukyplaryny ösdürmäge we gepleşik geçirmek boýunça amaly endikleri gazanmaga giň mümkinçilik berýär. Interaktiw sessiýalaryň dowamynda talyplar ýokary derejeli seljeriş pikirlenmesini we daşary ýurt dillerini erkin bilýändiklerini görkezdiler. Alnan tejribe hem-de halkara ekologiýa diplomatiýasyna çuňňur düşünmek geljekde olaryň hünär we diplomatik işlerinde möhüm artykmaçlyga öwrüler.
ORIENT







