HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Parižden Daşkende çenli: Türkmenistan bilen Rothschild & Co kompaniýasynyň özara hyzmatdaşlygy nähili ösdürilýär

Iýun 17, 2026 | 23:45 |6000
2023-nji ýylyň sentýabrynda türkmen wekiliýetiniň Parižde geçiren giň gerimli iş sapary barada orient.tm saýty habar beripdi. Fransiýa amala aşyrylan şol resmi saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti fransuz işewür toparlarynyň wekilleri bilen onlarça duşuşyk we gepleşik geçirdi.2023-nji ýylyň sentýabrynda türkmen wekiliýetiniň Parižde geçiren giň gerimli iş sapary barada orient.tm saýty habar beripdi. Fransiýa amala aşyrylan şol resmi saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti fransuz işewür toparlarynyň wekilleri bilen onlarça duşuşyk we gepleşik geçirdi.
Çeşme: Orient.tm

2023-nji ýylyň sentýabrynda türkmen wekiliýetiniň Parižde geçiren giň gerimli iş sapary barada orient.tm saýty habar beripdi. Fransiýa amala aşyrylan şol resmi saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti fransuz işewür toparlarynyň wekilleri bilen onlarça duşuşyk we gepleşik geçirdi.

Wekiliýete Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Saparyň dowamynda Fransiýanyň dürli guramalary we kompaniýalary bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Olaryň hatarynda Coface, UBAF, Société Générale CIB, Credit Agricole ýaly maliýe edaralary; Thales, Airbus, TotalEnergies, MBDA, Bouygues, Vinci ýaly senagat we tehnologik korporasiýalar; şeýle hem «France-Turkmenistan» Söwda palatasy, French Healthcare lukmançylyk hyzmatlary ulgamy, IB2C France Landşaft binagärleri federasiýasy hem-de Cifal kompaniýasy bardy. Duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlenildi. Gepleşiklere gatnaşanlaryň arasynda Rothschild & Co hem agzalypdy.

Rothschild & Co

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda fransuz kompaniýalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde ygtybarly hyzmatdaşlara öwrüldi. Häzirki wagtda fransuz işewürligi energetika, nebit-gaz pudagy, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, oba hojalygy, gurluşyk, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ýaly ugurlarda türkmen bazarynda işjeň çykyş edýär.

2026-njy ýylyň 16–18-nji iýunynda Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde «Korporatiw dolandyryşyň geljegi» atly panel mejlisi geçirildi. Dünýä maliýe we işewürlik jemgyýetçiliginiň esasy wekillerini bir ýere jemlän forumda bu mejlis işewürlik we maýa goýum gurşawynyň iň möhüm esaslarynyň birine bagyşlandy. Mejlis Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) maliýe hukugy boýunça ýolbaşçysy Jan Pýero Çinýa tarapyndan alnyp baryldy.

Rothschild & Co

Çykyş edenleriň arasynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki ösüş we özgertmeler agentliginiň direktor wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulla Abdukadyrow, McKinsey & Company kompaniýasynyň uly hyzmatdaşy Tarek Mansur, Chapter Zero Uzbekistan maslahat geňeşiniň agzasy Ferdinand Tuinstra, AVDO kompaniýasynyň baş direktory Dmitriý Awdosýew hem-de Rothschild & Co kompaniýasynyň global hyzmatdaşy, Merkezi we Gündogar Ýewropa boýunça başlygy baronessa Ariel Malard de Rotşild bardy.

Mejlisiň dowamynda ösüp barýan bazarlarda korporatiw dolandyryş ulgamynyň ewolýusiýasy giňişleýin seljerildi. Gatnaşyjylar korporatiw dolandyryşyň diňe kagyz ýüzündäki düzgünleriň we laýyklyk talaplarynyň toplumy bolmakdan çykyp, strategiki maýa goýumlary çekýän we kompaniýalaryň bazar gymmatyny ep-esli ýokarlandyrýan esasy faktora öwrülýändigini maslahatlaşyldylar. Şeýle hem döwlet bilen iri maýadarlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki pudaklarda özgertmeleriň durnuklylygyny üpjün etmekde täze tapgyra geçýändigi bellenildi. Özbegistanyň diňe gysga möhletli girdeji almak maksady bilen gelýän maýadarlara däl-de, uzak möhletli hyzmatdaşlyga açykdygy aýratyn nygtaldy.

Ariel Malard de Rotşild çykyşynda Özbegistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmelere we syýasy durnuklylyga ýokary baha berip, olaryň göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň artmagyna ýardam berýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, maýadarlaryň ynamyny gazanmak üçin kabul edilýän kararlaryň hili, jogapkärçiligiň aýdyňlygy we açyk täjirçilik tertibi örän möhümdir.

Ol şeýle diýdi: «Özgertmeleri amala aşyryp, şol bir wagtyň özünde ykdysady ösüşi saklap galmak aňsat mesele däl. Bu syýasy durnuklylygyň möhüm alamatydyr. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň gelmegi diňe ösüşe we girdejä däl, eýsem dolandyryş ulgamyna bolan ynama hem baglydyr. Maýadarlar dolandyryş gurluşlaryna däl-de, şol dolandyryşyň iş ýüzündäki netijelerine maýa goýýarlar.

Döwlet strategiki pudaklarda öz gatnaşygyny dowam etdirýän mahaly, biz maýadarlaryň ynamyny gazanmak üçin üç zada üns berýäris: kararlaryň hili, jogapkärçiligiň anyklygy we döwlet bähbitleri bilen täjirçilik tertibiniň arasynda deňagramlylyk. Uzak möhletli maýa çekmegi başarýan kompaniýalar hiç wagt kynçylyk çekmeýänler däl-de, eýsem öz dolandyryş ulgamy arkaly kynçylyklary ýeňip geçip bilýänlerdir».

Forumyň dowamynda «Orient»-iň habarçysy baronessa Türkmenistandaky kompaniýalaryň IPO meseleleri boýunça maslahat hyzmatlaryna bolan mümkinçilikler barada sorag berdi. Baronessa Rothschild & Co-nyň eýýäm Türkmenistanyň häkimiýet edaralary bilen deslapky gepleşikleri geçirendigini we hyzmatdaşlygyň geljegi üçin uly mümkinçilikleri görýändigini aýtdy. Şeýle hem bankyň türkmen döwlet kompaniýalarynyň açyk bazarlara çykmaga bolan gyzyklanmasyna ýokary baha berýändigini we özüniň köpýyllyk halkara tejribesini, öňdebaryjy dünýä tejribelerini hem-de global maýadarlar toruny hödürlemäge taýýardygyny nygtady.

Baronessa bu dialogy amaly derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýändigini hem-de IPO, strategiki maýa goýumlar we gurluş özgertmeleri boýunça maslahat bermek mümkinçiligine seretmäge taýýardygyny aýtdy. Bu çykyş Rothschild & Co-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek niýetiniň açyk tassyklanmasy boldy. Goňşy Özbegistanda bolsa kompaniýa «Uzbekneftegaz» ýaly iri döwlet kärhanalaryny IPO-a taýýarlamak işlerine gatnaşýar.

Bu ýagdaý bankyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda işlemek boýunça amaly tejribesiniň bardygyny hem-de döwlet kärhanalaryny restrukturizasiýa etmek we soňra açyk bazarlara çykarmak ugurlarynda ýokary başarnyklara eýedigini görkezýär. Şeýle sebit tejribesi Türkmenistanda alnyp barylýan meňzeş özgertmeler üçin hem peýdaly bolup biler.

Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Rothschild & Co-nyň arasyndaky dialog 2023-nji ýylda fransuz işewür toparlary bilen geçirilen giň gerimli gepleşikleriň dowamynda başlady. Şol gepleşiklerde maliýe-bank ulgamy hem-de beýleki ileri tutulýan hyzmatdaşlyk ugurlary kesgitlenildi. 2026-njy ýylyň iýunynda Daşkentde geçirilen halkara forumda bank diňe bir türkmen döwlet kompaniýalary bilen, şol sanda IPO we strategiki maýa goýumlar boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini tassyklaman, eýsem maýadarlaryň ynamyny üpjün etmekde korporatiw dolandyryşyň esasy ähmiýetini hem aýratyn nygtady. Bu pikirler sebitde amala aşyrylýan islendik özgertmeler üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026