HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Saud Arabystany Ormuz bogazyndaky krizis döwründe awiasiýa ýangyjynyň eksportyny artdyrdy we nebit bazarlaryny durnuklaşdyrdy — Al-Bişi

Iýun 17, 2026 | 14:00 |282
Çeşme: orient.tm

Awiasiýa ýangyjynyň önümçiliginiň artdyrylmagy, awiakompaniýalara goldaw berilmegi we dünýä derejesindäki inflýasiýanyň saklanyp durulmagyna goşant goşulmagy — bularyň ählisi Er-Riýadyň goşandydyr. ABŞ bilen Eýranyň arasynda ähtnamanyň 19-njy iýunda kabul edilmegine garaşylýar, emma üpjünçilikdäki bökdençlikler hem-de birnäçe ýurtda nebit önümçiliginiň peselmegi bilen baglanyşykly goşa täsir sebäpli bazarlar 2026-njy ýylyň ahyryna çenli durnuklaşmaz.

CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, Saud Arabystanynyň «Al-Ektisadiya» gazetiniň baş redaktory Mohammed Al-Bişiniň aýtmagyna görä, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky uruş hem-de Ormuz bogazynyň ýapylmagy döwründe Saud Arabystany dünýä energetika bazarlarynda ýüze çykan kynçylyklary ýeňilleşdirmekde möhüm orun eýeledi.

Al-Bişiniň bellemegine görä, ýurt energiýa serişdeleriniň, aýratyn-da awiasiýa ýangyjynyň üpjünçiligini saklamak we nebit eksport ugurlaryny pugtalandyrmak arkaly dünýä bazarlarynyň ýüzbe-ýüz bolan üpjünçilik we baha kynçylyklaryny ýeňletmäge goşant goşdy. Bu ýagdaý ABŞ bilen Eýranyň arasynda özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekilmegine garaşylýan döwre gabat gelýär. Resminama 19-njy iýunda Şweýsariýada resmi taýdan gol çekiler diýlip garaşylýar.

Awiasiýa ýangyjynyň ýetmezçiligini aradan aýyrmak we onuň dünýä awiasiýa pudagyna ýetirýän täsirini azaltmak maksady bilen Saud Arabystany uruş başlanandan we Ormuz bogazy ýapylaly bäri awiasiýa ýangyjynyň eksportyny artdyrdy diýip, Al-Bişi belledi. Bu bolsa üpjünçiligiň üznüksiz dowam etmegine hem-de awiakompaniýalarq düşýän agramy azaltmaga mümkinçilik berdi.

«Meniň pikirimçe, Saud Arabystany bu möhüm pudagyň işiniň dowamlylygyny üpjün etmek üçin awiasiýa ýangyjynyň önümçiligini artdyrdy. Sebäbi krizis ilkinji nobatda awiasiýa ulgamyna täsir etdi. Köp awiakompaniýalar çynlakaý amaly kynçylyklary başdan geçirdiler, käbirleri bolsa hatda batandygyny yglan etdiler. Saud Arabystanynyň bu krizis döwründe görkezýän halkara jogapkärçiligi dünýä inflýasiýasyny saklamaga we nebit bahalaryny kabul ederlikli derejede saklamaga ýardam etdi diýip hasaplaýaryn» diýip, Al-Bişi aýtdy.

Baş redaktoryň pikiriçe, häzirki krizis dünýä energetika bazarlarynyň taryhyndaky iň çylşyrymly döwürleriň biridir. Birnäçe nebit öndüriji ýurtda önümçiligiň peselmegi Ormuz bogazynyň ýapylmagy bilen gabat gelip, nebit we gaz üpjünçilik zynjyrlaryna we bazarlaryna görlüp-eşidilmedik derejede agram düşürdi.

«Biz energetika bazarlarynyň taryhyndaky iň möhüm döwürleriň birini başdan geçirýäris. Ormuz bogazy arkaly üpjünçiligiň bozulmagy Kuweýt, Katar, Yrak, Eýran ýaly ýurtlarda, şeýle hem Saud Arabystanynyň käbir känlerinde önümçiligiň peselmegi bilen utgaşdy. Energetika bazarlary ilkinji gezek üpjünçilik hem önümçilik ugurlarynda bir wagtda krizise sezewar bolýar» diýip, ol aýtdy.

Al-Bişi ABŞ bilen Eýranyň arasynda ähtnamanyň gol çekilmegi ýa-da harby hereketleriň bes edilmegi ýagdaýy energetika bazarlarynda durnuklylygyň derrew kadalaşdyrmajakdygyny hem nygtady.

«Kynçylyklar azyndan 2026-njy ýylyň ahyryna çenli dowam eder. Sebäbi käbir nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň işe gaýtarylmagy we adaty üpjünçilik ugurlarynyň dikeldilmegi wagt talap edýär. Sebitdäki geosyýasy ýagdaý gowulansa-da, bazaryň dikeldilmegi dessine bolmaz» diýip, ol belledi.

Ormuz bogazy 2026-njy ýylyň 28-nji fewralyndan bäri ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy hüjümlerinden soň iş ýüzünde ýapyldy. Saud Arabystany dünýäniň iň uly nebit eksport ediji ýurt we OPEC-iň esasy agzalarynyň biridir. Ýurduň awiasiýa ýangyjynyň eksportyny artdyrmagy gabaw sebäpli ýüze çykan ýetmezçiligi belli bir derejede ýeňletdi.

19-njy iýunda ABŞ bilen Eýranyň arasynda gol çekilmegine garaşylýan ähtnama bogazyň gaýtadan açylmagyna ýol açyp biler. Şeýle-de bolsa, Al-Bişiniň pikirine görä, önümçilik we üpjünçilik zynjyrlarynyň doly dikeldilmegi birnäçe aý dowam eder. Mundan başga-da, Kuweýtde, Katarda, Yrakda we Eýranda önümçiligiň peselmegi ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýar.

Dünýä bazarlary häzirki wagtda «goşa täsir» — üstaşyr ugurlarynyň bozulmagy we önümçiligiň bir wagtda peselmegi ýaly ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Uruş möhüm deňiz ýoluny ýapanda we birnäçe ýurtda önümçilik peselende, dünýä energetika durnuklylygynyň nähili gowşakdygyny ýene bir gezek duýýar. Saud Arabystany bolsa krizisiň gutarmagyna garaşman, durnuklaşdyryjy wezipesini öz üstüne aldy. Awiasiýa ýangyjynyň eksportyny artdyrmak bilen, ol dünýä awiasiýasynyň işiniň dowam etmegine ýardam berdi. Emma iň güýçli döwlet hem uruşdan soň dörän kynçylyklary dessine aradan aýryp bilmez. 19-njy iýun ähtnamanyň gol çekilýän güni bolup biler, ýöne bu günüň bazarlaryň doly kadalaşýan güni bolmagy hökman däl. Sebäbi nebit bazarlary hem adamlar ýaly başdan geçiren sarsgyny dessine unudyp bilmeýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026