HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

Iýun 18, 2026 | 16:35 |4657
Ýaş nesliň saglygyny goramak we ýaş maşgalalaryň abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF tarapyndan badalga berilen täze giň gerimli durmuş maksatly başlangyjyň esasyny düzdiÝaş nesliň saglygyny goramak we ýaş maşgalalaryň abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF tarapyndan badalga berilen täze giň gerimli durmuş maksatly başlangyjyň esasyny düzdi
Çeşme: UNICEF

ORIENT | Jemgyýet we saglyk. Ýaş nesliň saglygyny goramak we ýaş maşgalalaryň abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF tarapyndan badalga berilen täze giň gerimli durmuş maksatly başlangyjyň esasyny düzdi. Tutuş tomus dowam edip, awgust aýynda tamamlanjak bu milli kampaniýanyň esasy maksady çagalaryň durmuşynyň ilkinji alty aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilmegini üpjün etmek boýunça enelere berilýän kömegi düýpli güýçlendirmekden ybaratdyr.

Taslamany durmuşa geçirmek işine ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi edaralary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, meşhur blogerler hem-de hususy pudagyň iş berijileri çekildi. Bu ugurda giňişleýin maglumat işleriniň geçirilmegi soňky ýyllarda geçirilen jemgyýetçilik we lukmançylyk barlaglarynyň netijeleri bilen baglydyr. Hünärmenleriň bellemegine görä, ýurtda täze doglan çagalaryň takmynan 85 göterimi dünýä inen ilkinji sagadyň dowamynda ene süýdüni alsa-da, eneleriň köpüsi bu möhüm tejribäni alty aýlap dowam etdirmekde kynçylyk çekýär. Şeýle çagalaryň paýy soňky ýyllarda 56,5 göterimden 35,5 göterime çenli azaldy.

Biologiýa we lukmançylyk ylymlary ene süýdüniň özboluşly janly dokuma we çaga üçin iň kämil iýmitdigini ençeme gezek subut etdi. Çaganyň ilkinji alty aýynda ene süýdi onuň kadaly ösüşi üçin zerur bolan ähli ýokumly maddalary, suwy we fermentleri üpjün edýär hem-de güýçli tebigy gorag serişdesi bolup hyzmat edýär. Ene süýdi çaganyň immunitetini berkitmäge, howply çaga ýokanç kesellerine garşy antijisimleriň emele gelmegine, beýni öýjükleriniň kadaly ösmegine ýardam edýär. Şeýle hem ol geljekde semizlik we süýji kesel ýaly keselleriň ýüze çykmak howpuny peseldip, uzak möhletli saglygyň berk binýadyny döredýär. Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa öz çykyşynda ene süýdüni diňe bir çagalar üçin däl, eýsem maşgaladaky psihologik baglanyşyklary berkitmek we saglygy goraýyş çykdajylaryny azaltmak taýdan hem uly ähmiýete eýe bolan hakyky alada çeşmesi hökmünde häsiýetlendirdi.

turkmenistan-unicef-national-breastfeeding-campaign-2026 (2).jpg

Geçirilen seljerme eneleriň ene süýdi bilen iýmitlendirmegi bes etmegine köplenç fiziologik sebäpler däl-de, sosial-psihologik päsgelçilikleriň sebäp bolýandygyny görkezdi. Köp aýallar çaga hassahanadan çykandan soň hünärli maslahat kömeginiň ýetmezçiligi, internetdäki nädogry maglumatlaryň täsiri ýa-da ýakynlarynyň düşünişmezligi sebäpli ene süýdi bilen iýmitlendirmegi bes edýärler. Şol sebäpli täze kampaniýanyň çäginde diňe bir telewideniýede we sosial ulgamlarda ýaýlyma berilýän düşündiriş wideoşekilleri görkezmek bilen çäklenilmän, eýsem saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak, jemgyýetçilik maslahatçylaryny kemala getirmek hem-de ene süýdi bilen iýmitlendirýän eneleriň bähbitlerini iş berijileriň öňünde işjeň goramak meýilleşdirilýär.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň bellemegine görä, öýde we iş ýerlerinde ene süýdi bilen iýmitlendirýän eneler üçin amatly hem-de goldaw beriji şertleri döretmek hemmeleriň umumy borjudyr. Tomusky kampaniýanyň jemleýji çäresi hökmünde awgust aýynyň başynda Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi geçiriler. Onuň çäklerinde ýurdumyzda uly milli tegelek stol guralyp, öňdebaryjy hünärmenler we döwlet düzümleri eneligi we çagalygy hemmetaraplaýyn goramak boýunça geljekki amaly ädimleri kesgitlärler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026