HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bilelik Hub döredijilik merkezi işine başlaýar: ilkinji taslamalar we başlangyçlar eýýäm öz meýdançasyny tapýar

Iýun 16, 2026 | 19:50 |7388
Bilelik Hub döredijilik merkezinde ilkinji çäre geçirildiBilelik Hub döredijilik merkezinde ilkinji çäre geçirildi
Çeşme: Bilelik Hub döredijilik merkezi

Bilelik Hub döredijilik merkezinde ilkinji çäre geçirildi. Bu waka döredijilik, aragatnaşyk we jemgyýetçilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin niýetlenen täze giňişligiň doly işe başlamagyna barýan ýolda möhüm ädim boldy.

Креативный центр Bilelik Hub

Merkeziň resmi açylyşy entek öňde bolsa-da, bu meýdança geljekki rezidentleriň we dürli klublaryň ýolbaşçylarynyň arasynda eýýäm uly gyzyklanma döredýär. Olar duşuşyklary, bilim maksatnamalaryny, döredijilik taslamalaryny we beýleki çäreleri geçirmek üçin otaglary we iş ýerlerini işjeň ýagdaýda bron edýärler.

Креативный центр Bilelik Hub

Merkeziň döredijileriniň bellemegine görä, "Bileligiň" esasy wezipesi işjeň durmuş ýörelgesine eýe bolan adamlary birleşdirmek, olara tejribe alyşmak, pikirlerini ösdürmek we öz başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.

Resmi açylyşdan soň merkez döredijilik jemgyýetiniň wekilleri, ýaş hünärmenler, talyplar we täze taslamalaryň ösüşine hem-de hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän ähli adamlar üçin özüne çekiji mekana öwrüler.

Eýýäm şu günden başlap "Bilelik" geljegi uly pikirleriň goldaw tapýan we durmuşa geçirilmegine mümkinçilik döredýän meýdança bolmak ugrunda ilkinji ädimlerini ädýär.

Habarlaşmak üçin:

Tel.: (+99312) 41-56-58; (+99363) 47-62-89

E-poçta: info@bilelik.com.tm

Salgysy: Aşgabat Mall, C blogy, 1-nji gat, S. Seýdi köçesi 70/1, Aşgabat

LinkedIn: https://www.linkedin.com/company/bilelik-hub/

TikTok: https://www.tiktok.com/@bilelikhub

Instagram: https://www.instagram.com/bilelik_hub

Telegram: t.me/bilelik_hub

WhatsApp: https://wa.me/99363476289

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026