HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Iýun 18, 2026 | 14:25 |2287
11–12-nji iýunda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde «Klimat bilen bagly herekede ählitaraplaýyn goşulyşmak we deň derejede gatnaşmak» atly iki günlük talyplar üçin niýetlenen okuw maslahaty geçirildi11–12-nji iýunda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde «Klimat bilen bagly herekede ählitaraplaýyn goşulyşmak we deň derejede gatnaşmak» atly iki günlük talyplar üçin niýetlenen okuw maslahaty geçirildi
Çeşme: bilim.tm

11–12-nji iýunda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde «Klimat bilen bagly herekede ählitaraplaýyn goşulyşmak we deň derejede gatnaşmak» atly iki günlük talyplar üçin niýetlenen okuw maslahaty geçirildi. Bilim beriş taslamasy Merkezi Aziýada ekologiýa howpsuzlygyny we hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ÝHHG-niň ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Çäre paýtagtymyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny bir ýere jemledi. Maslahatlaşmalara Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmen döwlet Binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary gatnaşdylar.

Okuw maksatnamasynyň esasy maksady ýaşlaryň howa üýtgemeleriniň sebit we ählumumy howpsuzlyga ýetirýän täsiri baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Gatnaşyjylaryň öňünde häzirki zaman ekologiýa syýasaty boýunça seljeriş maglumatlaryny hödürlän abraýly halkara bilermenleri çykyş etdiler. Okuw maslahatyň amaly bölüminde talyplar interaktiw simulýasiýanyň çäklerinde özbaşdak Howa hyzmatdaşlygy boýunça ýaşlaryň Kararnamasynyň taslamasyny taýýarlap, ony tanyşdyrdylar.

Şeýle taslamalara gatnaşmak ýaşlara liderlik ukyplaryny ösdürmäge we gepleşik geçirmek boýunça amaly endikleri gazanmaga giň mümkinçilik berýär. Interaktiw sessiýalaryň dowamynda talyplar ýokary derejeli seljeriş pikirlenmesini we daşary ýurt dillerini erkin bilýändiklerini görkezdiler. Alnan tejribe hem-de halkara ekologiýa diplomatiýasyna çuňňur düşünmek geljekde olaryň hünär we diplomatik işlerinde möhüm artykmaçlyga öwrüler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026