Akniýet we Borte: Kasym-Žomart Tokaýew täze doglan ahalteke taýlaryna at dakdy


Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew arassa ganly ahalteke atlarynyň täze nesline at berdi. Prezidentiň Iş Dolandyryş Müdirliginiň athanasynda ýakynda iki taý dünýä indi. Olar dürli ýyllarda döwlet Baştutanyna sowgat berlen meşhur bedewler sürüsiniň üstüni ýetirdi.
Prezident täze doglan taýlary hut özi synlap, olar üçin manyly atlary saýlady. Birinji taý Akniýet («päk niýet», «hoşniýetlilik») diýip atlandyryldy. Ikinji taý bolsa Börte adyny aldy. Bu taryhy at kuwwatyň we asyllylygyň nyşany hökmünde tanalýar.

Saparyň dowamynda Kasym-Žomart Tokaýew ulalmak we kämilleşmek baradaky gazak halk pähimini ýatlap geçdi: «Ер жетіліп, бас болар, тай жетіліп, ат болар» («Är ulalyp, baş bolar, taý ulalyp, at bolar»). Döwlet Baştutany ýaş taýlaryň güýçli, çydamly we çalasyn bedew bolup ýetişmegini arzuw etdi.
Athanany görmek mahalynda atlaryň saklanyş şertlerine hem aýratyn üns berildi. Ahalteke tohumy ýokary derejeli idegi, dogry iýmitlenişi hem-de ekologiýa we rahatlyk boýunça berk talaplaryň berjaý edilmegini talap edýär. Bu şertleriň ählisi döwlet derejesinde doly üpjün edilýär.
ORIENT








