HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

Iýun 16, 2026 | 23:00 |6093
Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow Daşkent şäherinde geçirilýän V Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýarTürkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow Daşkent şäherinde geçirilýän V Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow Daşkent şäherinde geçirilýän V Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar.

Hususan-da, şu gün — 16-njy iýunda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Central Asian Expo Uzbekistan halkara sergi merkeziniň işine, şeýle hem forumyň panel sessiýalaryna gatnaşýar. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde ministr Daşkendiň Tehnologiýa parkyna we Yslam siwilizasiýasy merkezine baryp gördi.

17-nji iýunda Nazar Agahanow Daşkent halkara maýa goýum forumynyň plenar mejlisine gatnaşar. Bu mejlis Tashkent City kongres merkezinde geçiriler.

Mundan başga-da, saparyň maksatnamasyna UzAuto Motors Powertrain we Artel Electronics kärhanalaryna baryp görmek hem girizildi. Şol ýerde türkmen wekiliýeti kompaniýalaryň önümçilik işi bilen tanyşar.

18-nji iýunda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri forumyň panel sessiýalaryna gatnaşmagyny dowam etdirer. Şeýle hem, Özbegistan Respublikasynyň maýa goýumlar, senagat we söwda ministri Laziz Kudratow bilen duşuşyk meýilleşdirildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

21:00 Oktýabr 31, 2026
Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

20:00 Oktýabr 31, 2026
Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

18:00 Oktýabr 31, 2026