HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rim Papasy Lew XIV Sagrada Familiýanyň esasy diňini keramatlandyrdy

Iýun 15, 2026 | 19:29 |1343
10-njy iýunda Barselonada asyryň iň möhüm dini we medeni wakalarynyň biri bolup geçdi. Rim Papasy Lew XIV dabaraly ýagdaýda Sagrada Familiýa (Mukaddes Maşgala) ybadathanasynyň merkezi we iň beýik diňi bolan Isa Pygamberiň diňini açdy hem-de keramatlandyrdy10-njy iýunda Barselonada asyryň iň möhüm dini we medeni wakalarynyň biri bolup geçdi. Rim Papasy Lew XIV dabaraly ýagdaýda Sagrada Familiýa (Mukaddes Maşgala) ybadathanasynyň merkezi we iň beýik diňi bolan Isa Pygamberiň diňini açdy hem-de keramatlandyrdy
Çeşme: korrespondent.net

10-njy iýunda Barselonada asyryň iň möhüm dini we medeni wakalarynyň biri bolup geçdi. Rim Papasy Lew XIV dabaraly ýagdaýda Sagrada Familiýa (Mukaddes Maşgala) ybadathanasynyň merkezi we iň beýik diňi bolan Isa Pygamberiň diňini açdy hem-de keramatlandyrdy. Bu dabaranyň beýik binagär Antoni Gaudiniň aradan çykmagynyň 100 ýyllygyna gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Hut Gaudi bu meşhur ybadathananyň taslamasynyň düýbüni tutupdy.

Bu waka jemgyýetçilikde ägirt uly gyzyklanma döretdi. Kataloniýanyň paýtagtynyň köçelerine 120 müňden gowrak adam ýygnandy. Bazilikanyň içinde geçirilen dabaraly ybadata Ispaniýanyň Patyşasy Felipe VI, Şa aýaly Letisiýa we Premýer-ministr Pedro Sançes ýaly ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dini gullukdan soň pontifik köçä çykyp, täze diňiň ýokarsyny bezäp duran ägirt uly keramiki haja ak pata berdi. Baýramçylyk dronlaryň gatnaşmagynda geçirilen uly göwrümli yşyk şüweleňi we feýerwerk bilen tamamlandy.

Isa Pygamberiň diňiniň gurluşygy şu ýylyň fewral aýynda doly tamamlandy. Onuň açylmagy bilen Sagrada Familiýa öz taslama boýunça göz öňünde tutulan iň soňky beýikligine — 172,5 metre ýetdi we resmi taýdan dünýäniň iň beýik dini binasy boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026
Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

17:49 Awgust 04, 2026
Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

17:41 Awgust 04, 2026