HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝB Ukraina we Moldowa üçin gapylaryny açdy: gepleşikleriniň ilkinji tapgyry 15-nji iýunda başlanýar

Iýun 14, 2026 | 15:00 |1182
Çeşme: orient.tm

Gepleşikler kanunyň hökmürowanlygyny we demokratik institutlary öz içine alar. Bu çözgüt «aýgytlylygyň, gaýduwsyzlygyň we tutanýerlilik bilen edilen zähmetiň netijesi» hökmünde häsiýetlendirildi. Gepleşikleriň başlamagy üçin Ýewropa Bileleşigine agza bolan 27 döwletiň ählisiniň razylygy zerurdyr. Bu proses, adatça, köp ýyllap dowam edýär.

CCTV+ habar bermegine görä, Ýewropa Bileleşigi (ÝB) 12-nji iýunda Ukrainanyň we Moldowanyň bileleşige goşulmagy boýunça gepleşikleriň ilkinji tapgyryny 15-nji iýunda başlamaga razylyk berdi. Bu bolsa bileleşigiň soňky giňelme prosesinde öňe tarap edilen möhüm ädim boldy.

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta bilen Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň bilelikdäki beýannamalarynda ÝB-niň ähli agza döwletleriniň iki dalaşgär ýurduň goşulyşmak prosesiniň ilkinji tapgyry boýunça ylalaşyga gelendigi aýdylýar. Resmi taýdan 15-nji iýunda başlanjak gepleşikler ÝB-niň esasy talaplaryny, şol sanda kanunyň hökmürowanlygyny we demokratik institutlary öz içine alýar.

Beýannamada gepleşikleriň açylmagy baradaky kararyň iki ýurduň hem özgertmeleri öňe sürmekde we ägirt uly kynçylyklaryň garşysynda görkezýän aýgytlylygynyň, gaýduwsyzlygynyň we tutanýerli zähmetiniň netijesidigi bellenilýär. ÝB-niň iki ýolbaşçysy giňelmegiň bileleşigiň strategik saýlawydygyny, şeýle hem dünýäde näbellilikleriň artýan şertlerinde has uly Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýewropalylaryň umumy bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdylar.

Ýatladyp geçsek, Moldowa Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin arzany 2022-nji ýylyň mart aýynda, Ukraina bolsa şol ýylyň fewral aýynda tabşyrypdy. Iki ýurt hem 2022-nji ýylyň iýun aýynda dalaşgär derejesini aldy.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem Türkiýäniň ýagdaýydyr. Türkiýe Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin arzany entek 1987-nji ýylda tabşyryp, 1999-njy ýylda dalaşgär derejesini aldy. Şeýle-de bolsa, 2005-nji ýyldan bäri dowam edýän gepleşikler örän uzaga çekdi. Adam hukuklary, kanunyň hökmürowanlygy, Kipr meselesiniň düzgünleşdirilmegi we ykdysady ölçegler boýunça ýüze çykan düşünişmezlikler sebäpli gepleşikler birnäçe gezek petige diräpdi. Soňky ýyllarda bu proses doňdurylan ýagdaýda galýar. Ukraina we Moldowa geosyýasy krizisiň fonunda syýasy goldaw alan bolsa, Türkiýäniň agzalyk meselesi ÝB-niň giňelme taryhyndaky iň jedelli temalaryň biri bolmagynda galýar.

Ukraina we Moldowa bilen gepleşikleriň başlanmagy üçin ÝB-niň ähli 27 agza döwletiniň razylygy zerurdyr. Bu proses, adatça, köp ýyllap dowam edýär.

Ýewropa Bileleşigine goşulyşmak prosesi 35 gepleşik bölüminden ybarat bolup, olaryň her biri 27 agza döwletiň ählisi tarapyndan tassyklanmalydyr. Türkiýe şu wagta çenli 16 bölümi açdy, emma olaryň diňe biri doly ýapyldy. Türkiýäniň arzasy 1987-nji ýylda berildi, dalaşgär derejesi bolsa 1999-njy ýylda alyndy. Gepleşikler 2005-nji ýylda başlandy. Şondan bäri syýasatçylaryň birnäçe nesli çalyşdy, emma Türkiýe henizem Ýewropa Bileleşiginiň bosagasynda galýar.

Ukraina bilen Moldowa bolsa öz ýoluna diňe 2022-nji ýylda başlady we eýýäm ilkinji tapgyr üçin «ýaşyl yşyk» aldy. Geosyýasat öň onlarça ýyl talap edilýän prosesleri tizleşdirýär. Emma çalt başlangyç üstünlikli tamamlanmagyň kepili däldir. Ýewropa Bileleşigi gündogara tarap giňelmegini dowam etdirýän mahaly, Türkiýäniň köne arzasy syýasatda wagtyň dürli ýurtlar üçin dürli akýandygyny ýatladýar. «Indiki kim bolar?» diýen filosofik sorag bolsa henizem açyklygyna galýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026