Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi


11-nji iýunda Deňizli şäheriniň Söwda-senagat edaralarynyň we haryt biržalarynyň birleşiginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan işewürlik forumy guraldy.
Çäre türk kompaniýalarynyň 100-den gowrak ýolbaşçysyny we döwlet degişli däl pudagyň wekillerini bir ýere jemledi. Forumyň maksady türk işewürler jemgyýetiniň wekillerini Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.
Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek maksady bilen, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda halkara söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça jogapkärli hem-de hemmetaraplaýyn syýasat alyp barýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň hususy pudagyň ösdürilmegini we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini işjeň goldaýandygy, işewürlik üçin giň gerimli ýeňillikleri we amatly şertleri döredýändigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ekologiýa taýdan arassa we “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmaga ygrarlydygy nygtaldy.
Işewürlik forumynyň dowamynda gatnaşyjylar türk maýa goýumlaryny çekmegiň geljegi uly bolan ugurlary, şol sanda nebitgaz we nebithimiýa pudagy, agrosenagat toplumy, ulag-logistika ulgamy, şeýle hem telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary boýunça özara pikir alyşdylar.
Çäräniň çäginde gatnaşyjylara Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan wideorolik görkezildi.
ORIENT








