HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Mongoliýa «Orta geçelge» boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Iýun 14, 2026 | 14:10 |10055
Türkmenistan, Mongoliýa we Täjigistanyň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri Ulan-Batorda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldyTürkmenistan, Mongoliýa we Täjigistanyň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri Ulan-Batorda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan, Mongoliýa we Täjigistanyň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri Ulan-Batorda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary Hezretguly Çaryýew hem-de üç ýurduň ulag edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar demir ýol ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem gatnaşyjylar raýat awiasiýasy, demir ýol we awtoulag daşamalary ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şeýle-de Ýewraziýa sebitiniň ýurtlaryny baglanyşdyrjak täze ulag akymlaryny döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministr Borhuugiýn Delgersaýhanyň belleýşi ýaly, Mongoliýa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ulag aragatnaşyklaryny giňeltmegi öz syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde görýär.

“Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýurtlarymyzyň arasynda ykdysadyýetiň, söwdanyň we önümçiligiň ösüşine ýardam berýän möhüm faktor bolup durýar. Şonuň üçin Mongoliýa täze ulag geçelgelerini ösdürmäge hem-de Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklary berkitmäge uly ähmiýet berýär” diýip, ministr nygtady.

Taraplar ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda Mongoliýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini bellediler.

Duşuşykda Türkmenistanyň «Orta geçelge» taslamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Mongoliýa bu ugur boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirip, şol geçelge arkaly geçýän halkara ulag ugurlary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Mundan başga-da, ministr Mongoliýanyň we Täjigistanyň howa hem-de awtoulag ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meýilleriniň bardygyny aýtdy. Ýakyn wagtda taraplar howa gatnawlary hakynda şertnama gol çekmegi meýilleşdirýärler.

Şeýle hem Mongoliýanyň Demir ýollar müdirliginiň başlygy B. Arturyň 11–12-nji iýunda Duşenbede geçiriljek Demir ýollar hyzmatdaşlygy guramasynyň Ministrler geňeşiniň 53-nji mejlisine gatnaşjakdygy habar berildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026