Gyrgyzystanda blogerler we emeli aň işläp düzüjiler 5 ýyllyk salgyt ýeňilligine eýe bolar


Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň «Salgyt salyş ulgamyny we salgyt dolandyryşyny kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Permanyna laýyklykda, IT pudagynyň, döredijilik we kreatiw işleriň wekilleri üçin birnäçe salgyt ýeňillikleri giriziler. Bu barada ýurduň Salgyt gullugy anna güni habar berdi.
Şoňa görä, IT pudagynyň işgärleri, emeli aň (AI) we mobil goşundy işläp düzüjiler, blogerler, daşary ýurt kompaniýalary üçin uzakdan işleýän hünärmenler hem-de startap döredijiler 5 ýyl möhlet bilen salgyt töleglerinden boşadylýar.
Mundan başga-da, bu kategoriýa degişli şahslar üçin girdeji salgydynyň ýeňillikli möçberi 5%, ätiýaçlandyryş tölegleriniň möçberi bolsa 12% derejesinde kesgitlener.
Habarda bellenilişi ýaly, bu çäre Gyrgyzystanyň IT, emeli aň we kreatiw senagatlary ösdürmek boýunça sebit merkezleriniň birine öwrülmegine, dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli hünärmenleri, innowasion kompaniýalary we maýa goýumlary çekmegine mümkinçilik berer.
Ýeňillikli salgyt düzgüni telekeçilere serişdeleriniň has uly bölegini öz işlerini ösdürmäge, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga we ýerli kompaniýalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirmäge şert döreder.








