HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýä çempionaty-2026 ady rowaýata öwrülen «Astekada» başlandy: 48 topar, 3 ýurt we 36 ýyldan soň Meksika dolanyş

Iýun 13, 2026 | 18:59 |690
Çeşme: orient.tm

11-nji iýun — 19-njy iýul: Maradonanyň elini ýatlaýan stadion ýene-de planetanyň esasy ýaryşyny kabul edýär. Şakira we milli lybasly on müňlerçe meksikaly taryhdaky iň giň gerimli dünýä çempionatynyň açylyşyny etdiler.

“CCTV+” habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, futbol boýunça FIFA — 2026 dünýä çempionaty penşenbe güni «Asteka» stadionynda meksikan medeniýetine we ýaryşyň taryhy arena dolanyp gelmegine bagyşlanan açylyş dabarasy bilen resmi taýdan başlandy. 2026-njy ýylyň giňeldilen ýaryşyň taryhdaky iň uly dünýä çempionaty bolmagy wada berýär: rekord derejedäki 48 topar gatnaşýar we ýaryşlar ilkinji gezek üç ýurtda geçiriler. Duşuşyklar 11-nji iýun we 19-njy iýul aralygynda Meksikada, Kanadada we ABŞ-da bolar.

Açylyş dabarasy wagtynda stadion doldy. Kolumbiýaly super ýyldyz Şakira beýleki köp sanly meşhurlar bilen bilelikde ajaýyp şowhuny görkezdiler. Ýerli futbol janköýerleri bolsa bu sport görnüşine bolan söýgüniň örän güýçli ýeri bolan Meksikadaky ýaryşy garşylamak üçin ýörite lybaslaryny we başgaplaryny geýdiler.

Janköýerleriň biri şeýle diýdi: «Futbol — bu Meksikanyň medeniýetidir. Dünýä çempionatyny kabul etmek biziň üçin uly mertebe. Şeýle hem, bu stadionyň örän baý taryhynyň bardygyna, şol sanda Maradonanyň bu ýerde oýnan taryhy duşuşygyna örän buýsanýarys. Biz 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna tomaşa edýändigimize örän şat».

Jankşýerleriň başga biri bolsa: «Bu stadiona, öz dogduk toprakymyza gelmek bizde egsilmez buýsanç döredýär. Men Meksikany we biziň milli medeniýetimizi wekilçilik edýändigim üçin çuňňur buýsanç duýgusyny başdan geçirýärin. Bu sportuň we medeniýetiň hakyky utgaşmasy bolup, biziň ýurdumyzy doly derejede görkezýär» — diýip, belledi.

Mehikodaky «Asteka» stadiony dünýäniň iň rowaýaty futbol stadionlarynyň biridir. Ol 1970-nji we 1986-njy ýyllaryň dünýä çempionatlarynyň finallaryny kabul etdi. Hut şu ýerde Diego Maradona 1986-njy ýylyň çärýek finalynda Angliýa garşy oýunda özüniň meşhur «Asyryň goluny» we «Hudaýyň eli» ady berlen goly urupdy. Meksika üçin bu dünýä çempionaty taryhda üçünjidir (1970-nji we 1986-njy ýyllardan soň), ýurt bolsa myhmanlary ýene-de buýsanç we şatlyk bilen garşylaýar.

Futbol — bu oýundan hem has uly zat. Meksikada bu bir däp-dessur, joşgun, milli özboluşlylygyň bir bölegidir. Haçan-da «Asteka» ýene-de doly bolanda, Şakira bolsa sahnada joşanda, dünýäniň çar künjegindäki millionlarça adam syýasaty we aladalary unudýar. Diňe top, meýdança we umyt galýar. Üç ýurt, 48 topar, bir aýlyk baýramçylyk. Onuň arasynda bolsa, äpet sombreroly bir oglanjyk futbolyň öz durmuşyndaky ilkinji söýgüsi bolup galmagy üçin dünýä çempionatyna ilkinji gezek tomaşa edýär, soňra bolsa 36 ýyllap bu güni ýatlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026