HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Planetiň bökdençli ýoly: Bütindünýä banky ählumumy ösüş çäklamasyny 2,5%-e çenli peseltdi — bu 2019-njy ýyldan bäri iň pes görkezijidir

Iýun 13, 2026 | 20:06 |1311
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylda 2,9%, 2026-njy ýylda 2,5%. Munuň sebäbi — Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyk, energiýa göterijileriň bahasynyň ýokarlanmagy, inflýasiýa we gymmat karzlardyr. Nebitiň bahasy bir barrel üçin 115 dollar bolan ýagdaýynda, ösüş 2,1%-e çenli peselip biler, eger-de maliýe bazarlaryna zarba ursa — 1,3%-e çenli düşer. Pars aýlagynyň ýurtlary 3,9%-den nol görkezijä tarap aşaklaýarlar. Günorta Aziýa heniz hem hemmeden çalt ösýär (6,3%), emma ol ýerde-de haýallama bar.

“CCTV+” habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Bütindünýä banky penşenbe güni 2026-njy ýyl üçin ählumumy ykdysady ösüş çaklmasyny 2025-nji ýyldaky 2,9%-den 2,5%-e çenli peseltdi — bu 2019-njy ýylyň ahyryndan bäri iň pes görkezijidir.«Ählumumy ykdysady geljegi uly ugurlar» atly ýarym ýyllyk hasabatda munuň sebäpleri hökmünde Ýakyn Gündogardaky gapma-garşyly ýagdaýlar sebäpli energiýa göterijileriň bahasynyň ýokarlanmagy, has ýokary inflýasiýa we karz serişdeleriniň gymmatlamagy görkezilýär.

Hasabatda ösüş depgininiň peselmegi bilen bagly uly töwekgelçilikler barada duýdurylýar. Eger energiýa üpjünçiligindäki bökdençlikler uzak wagt dowam etse we şu ýyl nebitiň ortaça bahasy bir barrel üçin 115 ABŞ dollaryna deň bolsa, ählumumy ösüş 2,1%-e çenli haýallap biler, bu bolsa 4,4% inflýasiýa getirer. Eger energetika sarsgyny maliýe bazarlaryna täsir etse, ösüş hatda 1,3%-e çenli peselip biler. Söwda syýasatyndaky dowam edýän näbellilikler we geosyýasy basyşlar hem düýpli töwekgelçilikleri döredýär. Emma, hasabata görä, emeli aňa we onuň goşundylaryna ediljek has giňişleýin maýa goýumlary ykdysady işjeňligiň derejesini ýokarlandyryp biler.

Ýurtlaryň üçden iki bölegi üçin ösüş çaklamasy şu ýylyň ýanwar aýyndaky hasabaty bilen deňeşdirilende peseldildi, munda çaklamalaryň iň uly peselmegi Pars aýlagy ýurtlaryna degişli boldy — 2025-nji ýyldaky 3,9%-den 2026-njy ýylda tas nola çenli. Günorta Aziýanyň ähli sebitleriň arasynda iň güýçli ösüşi — 2026-njy ýylda 6,3% görkezjekdigine garaşylýar, bu bolsa 2025-nji ýyldaky 7% bilen deňeşdirilende haýaldyr. Hasabatda ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň ösüş çaklamasy 2026-njy ýylda 2,2% derejesinde saklandy, emma bu görkezijiniň 2027-nji ýylda 2,1%-e we 2028-nji ýylda 2%-e çenli peselip biljekdigi bellenilýär. Ýewrozolak ykdysadyýetiniň, çaklamalaryna görä, 2026-njy ýylda 0,8% (2025-nji ýyldaky 1,4%-e garşy), Ýaponiýanyň jemi içerki önümi bolsa 0,7% (1,1%-e garşy) ösjekdigine garaşylýar. Ählumumy ösüşiň 2027-nji ýylda 2,8%-e çenli gowulanmagyna garaşylýar, emma bu görkeziji 2010-njy ýyllaryň ortaça görkezijisinden 0,4 göterim pesligine galar.

Bütindünýä banky — 1944-nji ýylda döredilen, ösüp barýan ýurtlara karz serişdelerini we analitik maglumatlary berýän halkara maliýe guramasydyr. Onuň ýarym ýyllyk «Global Economic Prospects» hasabaty hökümetler we maýadarlar üçin iň abraýly gollanmalaryň biridir. Häzirki wagtda çaklamanyň 2,5%-e çenli peselmegi toplumlaýyn basyşy görkezýär: Ýakyn Gündogardaky çylşyrymly ýagdaýlar nebit bahalaryny ýokary çekýär, merkezi banklar syýasaty berkleşdirmäge mejbur bolýarlar, geosyýasy bölünişik bolsa söwda gatnaşyklaryny bozýar.

Ykdysadyýet hiç wagt diňe bir çyzgy bolmandy. 2,5% diýen sanyň aňyrsynda — Kairde aýlyklaryň gijikdirilmegi, Madridde rugsadatynyň ýatyrylmagy, Jakartada ýapylan zawod dur. Bütindünýä banky onçakly gowy bolmadyk çaklamalry berýär: nebit 115 dollar, täzeden azar berýän inflýasiýa we ösüşi nola deňleşýän Aýlag ýurtlary. Emma hut şu hasabatda geň galdyryjy umyt şöhlesi hem bar — emeli aňa edilýän maýa goýumlar. Mümkin, köne dwigateller bökdençlik berende, hut täze tehnologiýalar dünýäni durnuksyzlykdan alyp çykjak şol gural bolar. Ýa-da, iň bolmanda, girdaba gark bolmaga ýol bermez.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026