HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Pol Nadaryň Garagumda düşüren ýol suratlary Žýul Werni nähili ylhamlandyrdy we sanly eýýamdan nädip öňe geçdi

Iýun 14, 2026 | 00:45 |5986
11-nji iýunda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň zalynda fransuz suratçysy Pol Nadaryň 1890-njy ýylda düşüren seýrek suratlaryndan ybarat bolan «Türkmen topraklaryna syýahat» atly fotosergi tomaşaçylar üçin açyldy. Bu diňe bir çeperçilik ýa-da arhiw ekspozisiýasy bolman, eýsem, döwürleriň sepgidindäki durmuşyň asyl mazmunyny bellige alan wizual barlag we antropologik resminamadyr11-nji iýunda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň zalynda fransuz suratçysy Pol Nadaryň 1890-njy ýylda düşüren seýrek suratlaryndan ybarat bolan «Türkmen topraklaryna syýahat» atly fotosergi tomaşaçylar üçin açyldy. Bu diňe bir çeperçilik ýa-da arhiw ekspozisiýasy bolman, eýsem, döwürleriň sepgidindäki durmuşyň asyl mazmunyny bellige alan wizual barlag we antropologik resminamadyr
Çeşme: orient.tm

ORIENT | Medeniýet. 11-nji iýunda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň zalynda fransuz suratçysy Pol Nadaryň 1890-njy ýylda düşüren seýrek suratlaryndan ybarat bolan «Türkmen topraklaryna syýahat» atly fotosergi tomaşaçylar üçin açyldy. Bu diňe bir çeperçilik ýa-da arhiw ekspozisiýasy bolman, eýsem, döwürleriň sepgidindäki durmuşyň asyl mazmunyny bellige alan wizual barlag we antropologik resminamadyr.

Görkezilýän suratlaryň her biri XIX asyryň ahyryndaky Merkezi Aziýanyň bitewi medeni giňişligine açylýan özboluşly bir gapy bolup hyzmat edýär — bu döwür sebitiň tehniki ösüşiň prizmasy arkaly dünýä açylan, emma şol bir wagtyň özünde özüniň çuňňur siwilizasion aýratynlygyny saklap galan döwrüdir. Fransuz usadynyň obýektiwi arkaly bize janly we joşgunly hakykat seredýär: adamlaryň hakyky duýgulary, el degmedik tebigy görnüşleriň belentligi, däp-dessurlary saklaýjylaryň mertebesi we geçmişde galan durmuşyň ritmi...

paul-nadar-photos-inspired-jules-verne-turnkmenistan (12).jpg

Bir gün ozal diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň, meşhur medeniýet işgärleriniň, žurnalistleriň we abraýly bilermenleriň gatnaşmagynda serginiň dabaraly açylyşy boldy. Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merlen gelýänleri garşylap, köptaraplaýyn goldaw netijesinde amala aşyrylan bu taslamanyň Aşgabatdaky Fransuz institutynyň işinde täze sahypa açýandygyny aýratyn belledi.

paul-nadar-photos-inspired-jules-verne-turnkmenistan (9).jpg

Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy ýygnananlara agşamyň esasy myhmanyny — meşhur fransuz taryhçysy, Fransiýanyň Ylmy barlaglar boýunça milli merkeziniň (CNRS) ylmy ýolbaşçysy Swetlana Gorşeninany tanyşdyrdy. Onuň geçiren barlaglary bu suratlary arhiwleriň tekjelerinden gaýtaryp getirmäge kömek etdi.

paul-nadar-photos-inspired-jules-verne-turnkmenistan (10).jpg

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow çykyşynda ünsi medeni hyzmatdaşlygyň çuňňur gurallaryna çekdi. Ol şeýle taslamalaryň halklaryň arasynda özara düşünişmegiň berk gatlagyny kemala getirýändigini belledi. Şunda umumy mirasa aýawly çemeleşmek we milli taryha bolan hormat geljegiň bilelikdäki döredijilikli başlangyçlary üçin esas bolup hyzmat edýär.

paul-nadar-photos-inspired-jules-verne-turnkmenistan (11).jpg

Resmi bölüm tamamlanandan soň, ekspozisiýada ýerleşdirilen kyrk bäş sany ýönekeýje fotosurat Swetlana Gorşeninanyň gyzykly gürrüňleri netijesinde sözüň doly manysynda janlandy. Zaldaky gurşaw intellektual salony ýatlatdy: märeke ony janly halka bolup gurşap aldy. Mikrofonda wagtlaýyn bökdençlik dörän pursatlarynda, adamlar taryhy syýahatyň iň inçe jikme-jikliklerini sypdyrmazlyk üçin, her bir sözi uly dykgat bilen diňlediler.

11062026-paul-nadar-photos-inspired-jules-.jpg

Gorşenina örän uly maglumatlar toplumynyň syrly perdesini açdy, sebäbi sergilenýän kyrk bäş surat — bu Pol Nadaryň “türkmen topraklarynda" düşüren we şu günlere çenli fransuz arhiwlerinde saklanyp galan müňden gowrak asyl nusgalarynyň arasyndan aýawlylyk bilen saýlanyp alnan, diňe bir ujypsyzja bölegidir. Onuň gürrüňleri sergä tomaşa etmegi 1890-njy ýyla hakyky detektiw syýahatyna öwürdi. Şol wagt meşhur fransuz suratçysy Feliks Nadaryň ogly täze çekilen Zakaspi demir ýolunyň ugry bilen özüniň meşhur syýahatyna ugrapdyr eken.

paul-nadar-photos-inspired-jules-verne-turnkmenistan (1).jpg

Bu ekspedisiýanyň logistikasynyň jikme-jiklikleri oňa aýratyn öwüşgin berýär, olar şu günki gün başdan geçirmeler baradaky romanyň sahypalary ýaly bolup görünýär. Pol Nadaryň Zakaspi demir ýolynyň ugry boýunça syýahaty üçin ýörite wagon-salon bölünip berlip, ol birnäçe aýlap fransuz usadynyň göçme rezidensiýasyna öwrülýär. Bu taýýarlanylan otlyda ol iki sany ýakyn dostunyň we şol döwür üçin iň döwrebap tehnologiýaly enjamlaryň uly toplumy bilen çölleri söküp geçýär.

paul-nadar-photos-inspired-jules-verne-turnkmenistan.jpg

Şeýle özbaşdak giňişligiň bolmagy tutuş missiýanyň üstünligi üçin iň wajyp şertdi. Merkezi Aziýanyň aşa yssy we hemme ýere aralaşýan tozanynyň şertlerinde, Nadara näzik fotomateriallaryň örän berk saklanylmagyny üpjün etmek zerurdy. Wagon ygtybarly göçme ammar bolup hyzmat edipdir: onda düşürilen aýna plastinalar we plýonka rulonlary rehimsiz günden goranmak üçin yşyk geçirmeýän gaplara aýawly gaplanypdyr. Otly duralgalarda — Gyzylarbatda, Aşgabatda, Merwde we beýleki ýerlerde uzak wagtlap durupdyr...

paul-nadar-photos-inspired-jules-verne-turnkmenistan (2).jpg

Demir ýol relisleri suratçyny sözüň doly manysynda elinden tutup alyp barýardy: otly durýardy, Nadar ýanyndaky ýoldaşlary bilen perrona çykýardy ýa-da ýerli bazarlara ugraýardy, taryhyň elden gidip barýan pursatlaryny obýektiwine düşürýärdi, soňra bolsa şol gymmatly negatiwleri wagona yzyna getirýärdi. Şol wagona bolsa olary müňlerçe kilometr aralygy söküp, Parižiň Anžu köçesindäki barlaghanasyna eltmek wezipesi garaşýardy.

Ünsli ylmy-barlagçy Pol Nadaryň ady bilen Žýul Werniň fransuz habarçysynyň Transaziýa magistraly boýunça syýahatyny beýan edýän «Klodius Bombarnak» romanynyň arasyndaky görünmez baglanşygy hökman saýgarar. Kitap bu ekspedisiýadan üç ýyl soň, ýagny 1893-nji ýylda çap edildi. Poluň kakasy Feliks Nadar Žýul Werniň ýakyn dostudy. Şonuň üçin hem kiçi Nadar 1890-njy ýyldaky syýahatyndan Pariže dolanyp gelende, onuň täze ýol ýazgylary we Garagumda täze çekilen demir ýollaryň taryhdaky ilkinji suratlary ýazyjy üçin esasy ylham çeşmesine öwrüldi. Romandaky hyýaly gahryman Klodius Bombarnak hem edil Pol Nadar ýaly Hazae deňzindäki Uzun-Ada portundan ýola düşüp, Türküstanyň üsti bilen... Pekine çenli barýar (roman ýazylan wagty Russiýanyň Zakaspi demir ýoly heniz Kokanda ýetmändi).

paul-nadar-photos-inspired-jules-verne-turnkmenistan (4).jpg

Mundan başga-da, Žýul Werniň hemişelik suratçysy — 1892-nji ýylda «Klodius Bombarnagyň» ilkinji neşirini bezän Leon Benett hem bu ýerlerde hiç wagt bolmandyr. Ol kitabyň meşhur grawýuralaryny döredende Pol Nadaryň original negatiwlerindäki kompozisiýalary, ýüz keşplerini, geýim detallaryny we tebigaty göni nusgalap alypdyr.

paul-nadar-photos-inspired-jules-verne-turnkmenistan (16).jpg

Elbetde, Nadaryň ekspedisiýasy ýönekeý bir syýahatçylyk gezelenji däldi. Ol döwürde demir ýol diňe bir inženerçilik desgasy däl, eýsem, çalt döwrebaplaşmagyň we bu sebitiň dünýä açylmagynyň simwoly bolup çykyş edýärdi. Nadaryň syýahatynyň aňyrsynda fransuz maliýe toparlarynyň sebitiň ösüp barýan infrastrukturasyna bolan janly we hasaply gyzyklanmasy durýardy. XIX asyryň ahyrynda Zakaspi demir ýoly ýewropa maýasy üçin Gündogaryň iň baý çig mal bazarlaryna barýan strategik ýol hökmünde görünýärdi.

paul-nadar-photos-inspired-jules-verne-turnkmenistan (18).jpg

Pol Nadaryň özi hem bu meselede ýöne bir tomaşaçy däldi: ol özünde inçe sungat işgäriniň hem-de örän işeňňir, tutanýerli telekeçiniň aýratynlyklaryny birleşdirýärdi. Pariždäki gülläp ösýän fotoatelýäniň ýolbaşçysy we amerikan «Eastman Kodak» innowasion kompaniýasynyň Fransiýadaky resmi wekili hökmünde, Nadar bu saparyň marketing mümkinçiliklerine gaty gowy düşünýärdi.

Onuň täze magistralyň ugruna Daşkentde geçiriljek Birinji halkara sergä tarap ugramagy, inçelik bilen hasaplanan işewürlik missiyasydy. Nadar Ýewropa fotosenagatynyň tehnologik artykmaçlygyny görkezmek, enjamlary ekstremal şertlerde barlap görmek we geljekki ýewraziýa ykdysady taslamalary üçin ýol açmak maksady bilen gidipdi. Ol bu sapary arkaly ösüş bilen sungatyň elmydama bile ýöreýändigini iş ýüzünde subut etdi.

paul-nadar-photos-inspired-jules-verne-turnkmenistan (5).jpg

Pol Nadar öz ýany bilen şol döwrüň tehnologik rewolýusiýasyny — agyr ştatiwlerden we aýna plastinalardan boşamaga mümkinçilik berýän, “Eastman” rulon plýonkaly göçme “Kodak” kamerasyny alyp gelipdi. Mundan başga-da, ol enjamyň ýörite «tropiki» modifikasiýasy bolan “Nadar Express” hem alyp gelipdi. Bu enjam aýratyn berk agaç görnüşlerinden ýasalyp, Merkezi Aziýanyň tozanyndan, guraklygyndan we yssysyndan goranyşlydy.

Bu kamera kiçi Nadaryň şahsy inženerçilik buýsanjydy — onuň işlenip düzülmegi üçin ol 1889-njy ýylda Parižde geçirilen Bütindünýä sergisinde altyn medala mynasyp bolupdy. Kameranyň esasy aýratynlygy onuň aýrylyp-dakylýan kassetasyndady. Diňe rulon plýonka niýetlenen başlangyç “Kodak” modellerinden tapawutlylykda, Nadaryň enjamy suratça hem nusgawy aýna fotoplastinalaryny, hem-de “Eastman”-yň çeýe selluloid rulon plýonkasyny ulanmaga mümkinçilik berýärdi.

paul-nadar-photos-inspired-jules-verne-turnkmenistan (7).jpg

Bu köptaraplylyk Nadara meýdan şertlerinde taktikasyny derrew üýtgetmäge kömek etdi: uly formatly aýna plastinalary ol statik sýužetler — mysal üçin, Merwiň belent binalarynyň suraty üçin ulandy. Bu ştatiw ulanmagy talap edýärdi, ýöne detallaryň nusgawy derejede takyklygyny üpjün edýärdi. Rulon plýonkany bolsa çalt hereket etmeli bolanda — köçelerdäki pursatlaýyn sahnalary, kerwenleriň hereketini we märekedäki adamlaryň ýüz keşplerini surata düşürmek üçin ulanýardy. Hut şu tehniki erkinlik fransuz ussadyna özünden öň hiç kimiň diýen ýaly edip bilmedik zadyny — XIX asyryň ahyryndaky Merkezi Aziýanyň janly, urup duran bitewi medeni giňişligini taryha geçirmäge mümkinçilik berdi.

paul-nadar-photos-inspired-jules-verne-turnkmenistan (20).jpg

Onuň suratlary Nadaryň Gündogary emeli usulda ekzotika öwürmekden gaça durandygyny subut edýär. Onuň obýektiwi ýerli ýaşaýjylaryň hakyky duýgularyny, bazarlaryň joşgunyny, türkmen atlylarynyň we seýisleriniň abraýyny hem-de çäge landşaftlarynyň tükeniksiz, özüne çekiji keşbini ebedileşdirdi.

paul-nadar-photos-inspired-jules-verne-turnkmenistan (19).jpg

Bu wizual arhiwiň gymmaty köp babatda Pol Nadaryň etnografik takyklygyň möhümdigine çuňňur düşünenligi bilen hem düşündirilýär. Portretler tapgyrynyň üstünde işläninde, fransuz ussady diňe bir tötänleýin kadrlary tutman, eýsem, maddy medeniýeti hasaba almaga çalyşypdyr. Swetlana Gorşenina onuň meýdan işleriniň bir üns çekiji detalyna ünsi çekýär: ýerli ýaşaýjylaryň, aýratyn-da türkmen zenanlarynyň portretlerini döredende, Nadar olardan maşgala sandyklaryndaky iň gowy baýramçylyk lybaslaryny we uly kümüş şaý-sepleri çykaryp, surata düşmek üçin mümkin boldugyndan bezemen geýinmeklerini haýyş edipdir.

Dogabitdi ylmy-barlagçy hökmünde Nadar, adaty Merkezi Aziýa jemgyýetinde şaý-sep sungatynyň we lybaslaryň halkyň derejesi, urug-köküniň gelip çykyşy hem-de mukaddes däp-dessurlary barada gürrüň berýän örän çylşyrymly wizual koddugyny duýýardy. Bir kadrda jemlenen bu elementler, her bir suraty ýönekeý maşgala portretinden asyrlaryň sepgidindäki türkmen topragynyň medeni özboluşlylygyny nesiller üçin saklap galan, bahasyna ýetip bolmajak, jikme-jik etnografik resminama öwürdi.

paul-nadar-photos-inspired-jules-88.jpg

...Eksponatlaryň arasynda gezelenç edip we öňki asyrdan galan doňup galan ýüz keşplerine uzak wagtlap seredip, sergä gelenleriň köpüsi biygtyýar meňzeş pikirleri alyşdylar. Dürli reňkli köçe sahnaplaryny synlap, käbirleri haýran galmak bilen: «Olar şol wagt nähili ýaşapdyrkalar?! — diýip geň galdylar. — Mobil aragatnaşyksyz, messenjerlersiz, internetsiz?»

Sanly döwrüň adamynyň bu ak ýürekden beren sowalynyň jogaby, megerem, köne suratlaryň tebigatynyň özünde gizlenendir. 1890-njy ýylyň adamlary asla dünýäden üzňe däldi — ýöne olaryň «ählumumy ulgamy» göni gatnaşykdaky fiziki giňişlikdi, wirtual galmagalyň gigabaýtlarynyň deregine bolsa olar bölünmez wagtyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatyna eýediler. Ekransyz döwür olaryň dünýäsini daraltman, eýsem has-da çuňlaşdyrýardy. Her minutda gelýän ýüzlerçe bildirişlere ünsüni bölmän, olar durmuşy doly içki ünsüni jemläp, şol pursadyň içinde ýaşaýardylar — bu çaýhanadaky assa-ýuwaş söhbetdeşlik bolsun ýa-da fransuzlaryň täsin enjamynyň obýektiwine dikilen ýiti nazar bolsun, tapawudy ýokdy.

Pol Nadar diňe bir etnografik görnüşleri däl, eýsem, hysyrda orun bolmadyk aň-düşünje ýagdaýyny hem surata düşürdi. Şu gün bu suratlara seredeniňde, täsin bir pikir döreýär: megerem, hut internetiň ýoklugy olara hakykaty ähli asyl durşunda, süzgüçler bilen üýtgetmän, dury görmäge mümkinçilik beren bolsa gerek. Olar öz durmuşyny daşaryk görkezmek üçin ýaşamadylar, olar ony çuňňur duýdular we XXI asyryň tehnologiýalardan ýadan adamynyň şeýle bir küýseýän kabul ediş bitewüligini saklap galdylar.

paul-nadar-photos-inspired-jules-verne-turnkmenistan (17).jpg

Taryhy gözlegleriň prizmasyndan bu ýüzlere seredeniňde, Nadaryň sergisiniň sebitde berk geosyýasy bölünişikler döwründen öň hem bar bolan medeniýetleriň şol açyklygyny we biri-birine täsir edişini äşgär edýändigine düşünýärsiň. Her bir fotosurat Merkezi Aziýanyň hiç wagt çetde galan periferiýa bolmandygynyň — onuň özboluşly intellektual we siwilizasiýa merkez bolandygynyň wizual subutnamasydyr.

paul-nadar-photos-inspired-jules-verne-turnkmenistan (8).jpg

Şu günki günde, dünýäniň ynam gytçylygyndan “derman” gözleýän wagtynda, 1890-njy ýylyň bu ak-gara kadrlary medeni dialogyň ygtybarly köprüsi bolup çykyş edýär. Olar bize ýewraziýa integrasiýasynyň düýbinde diňe bir ykdysady pragmatizmiň däl, eýsem, asyrlaryň dowamynda biziň biri-birimizi diňlemek we düşünmek ukybymyzy baýlaşdyryp gelýän çuňňur siwilizasiýa koduň ýatandygyny ýatladýar.

Wiktoriýa Şupak

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026