HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi

Iýun 14, 2026 | 15:14 |4935
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň we Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Sobhaniniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildiTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň we Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Sobhaniniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň we Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Sobhaniniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Diplomatlar iki döwlet üçin hem özara bähbitli bolan esasy ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler däp bolşy ýaly, goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ýokary ynanyşmak ýaly sarsmaz ýörelgelere esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge taraplaryň ygrarlydygyny aýratyn bellediler. Şol bir wagtda diplomatlar ozal ýokary derejede gazanylan döwletara ylalaşyklary netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen anyk ädimleri we amaly gurallary jikme-jik maslahatlaşdylar.

turkmenistan-iran-foreign-ministers-meeting-ashgabat (2).jpg

Aşgabatda geçirilen duşuşyk häzirki zaman sebit gün tertibiniň çäklerinde iki goşnuşy döwletiň arasyndaky yzygiderli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolan syýasy dialogyň ähmiýetini ýene bir gezek görkezdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026