HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropanyň Merkezi banky ähli üç sany esasy göterim mukdaryny 25 bazis punkty ýokarlandyrdy: depozit goýumy 2,25%-e çenli galdy, 2026-njy ýyl üçin inflýasiýa çaklamasy bolsa 3,0%-e çenli ýokarlandyryldy

Iýun 12, 2026 | 11:30 |820
Çeşme: orient.tm

Esasy gaýtadan maliýeleşdirme amallary we goşmaça karz bermek boýunça goýumlary indi degişlilikde 2,4% we 2,65% bolup durýar. Ýewropanyň Merkezi banky geçen ýylyň iýun aýyndan bäri göterim mukdaryny üýtgetmän saklapdy, ondan öňki iň soňky ýokarlanma bolsa 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda bolupdy. Munuň sebäbi — Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyklar we energiýa göterijileriň nyrhlarynyň üýtgemegi sebäpli dörän inflýasiýa basyşydyr.

“CCTV+” teleýaýlymyň habar bermegine görä, Ýewropanyň Merkezi banky penşenbe güni ähli üç sany esasy göterim mukdaryny 25 bazis punkty ýokarlandyrmak barada karar kabul etdi. Ýewropanyň Merkezi bankynyň pul-karz syýasatyny kesgitleýän depozitler boýunça göterim mukdary 2,25%-e çenli galdyrylar, esasy gaýtadan maliýeleşdirme amallary we goşmaça karz bermek boýunça göterim mukdaryny bolsa degişlilikde 2,4% we 2,65% derejesinde galar diýlip, Ýewropanyň Merkezi bankynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

«Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylykly ýagdaýlar inflýasiýa basyşyny döredýär we göterim mukdaryny ýokarlandyrmak baradaky karar, maliýe sarsgynynyň nähili ösüp biljekdigini hem-de ýewro zolagyň orta möhletli geljegine nähili täsir etjekdigini kesgitleýän birnäçe ssenariýalary hasaba almak bilen esaslandyrylandyr» — diýlip, Ýewropanyň Merkezi bankynyň beýanatynda aýdylýar. Göterim mukdarynyň ýokarlandyrylmagy ýewro zolakda inflýasiýanyň ösýän döwrüne, esasan hem Ýakyn Gündogardaky çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli energiýa göterijileriň nyrhlarynyň gymmatlamagyna gabat geldi.

Ýewropanyň Merkezi banky penşenbe güni çap eden iň soňky çaklamalarynda, 2026-njy we 2027-nji ýyllar üçin inflýasiýa garaşmalaryny mart aýyndaky görkezijiler bilen deňeşdirilende ýokarlandyrdy. Umumy inflýasiýa derejesiniň 2026-njy ýylda ortaça 3,0 göterim, 2027-nji ýylda bolsa 2,3 göterim bolmagyna garaşylýar; bu görkezijiler öňki çaklamalardaky degişlilikde 2,6 we 2,0 göterimden has ýokarydyr. Ýewropanyň Merkezi banky: «Gelejek näbelli bolmagynda galýar, inflýasiýanyň ýokarlanmak töwekgelçiligi we ykdysady ösüşiň peselmek töwekgelçiligi bar» diýip mälim etdi.

Ýewro zolokda (Ýewropa Bileleşiginiň 20 ýurduny birleşdirýän ýewro dolanyşygy zolagynda) inflýasiýa aprel aýyndaky 3 göterimden maý aýynda 3,2 göterime çenli ýokarlandy, sebäbi energiýa göterijileriň nyrhlary 10,9 göterim böküş etdi. Ýewropanyň Merkezi bankynyň prezidenti Kristin Lagard energiýa göterijileriň nyrhlarynyň ýokarlanmagynyň tomus paslynda inflýasiýany has-da galdyrjakdygyny belledi.

Ýewropanyň Merkezi banky 2026-njy we 2027-nji ýyllar üçin ykdysady ösüş çaklamalaryny hem mart aýyndaky görkezijiler bilen deňeşdirilende peseltdi we ýewro zolakda ykdysadyýetiniň 2026-njy ýylda 0,8 göterim, 2027-nji ýylda bolsa 1,2 göterim ösmegine garaşylýandygyny mälim etdi.

Penşenbe güni amala aşyrylan göterim mukdarynyň ýokarlandyrylmagy, Ýewropanyň Merkezi Bankynyň 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri esasy göterim mukdarlaryny ilkinji gezek galdyrmagy boldy. Merkezi bank geçen ýylyň iýun aýyndan bäri göterim mukdarlaryny üýtgetmän saklapdy.

Ýewropanyň Merkezi banky — ýewrozolagyň esasy utgaşdyryjysydyr. Bazis punkty — bu göterim punktunyň ýüzden biridir (0,01%). Göterim mukdary 25 bazis punkty ýokarlandyrmak baradaky karar, Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyklaryň möwç almagyndan soň energiýa göterijileriň nyrhlarynyň gymmatlamagy sebäpli çaltlaşan inflýasiýa garşy göreşmäge gönükdirilendir. Göterim mukdarynyň ýokarlandyrylmagy, adatça, inflýasiýany saklaýar, emma şol bir wagtyň özünde ykdysady ösüşi haýallatýar — bu ylalaşyk bolsa merkez banklary üçin esasy “baş agyrysyna” öwrülýär.

Inflýasiýa — edil gyzgynlyk ýalydyr: ol galanda, hatda ukyňy getirse-de, derman içmeli bolýarsyň. Ýewropanyň Merkezi banky ýewro zolakda ykdysadyýetini ha haýallap biljekdigine düşünip, Göterim mukdaryny ýene-de ýokarlandyrýar. Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyklar, göge galan gaz we nebit nyrhlary — daşky faktorlar öz hökümini ýöretýär edýärler. Emma saýlap oturmaly däl: inflýasiýanyň bat almagyna ýol bermek — millionlarça ýewropalynyň maliýe ýagdaýyna täsir ýetirmekdir. Şonuň üçin hem 25 bazis punkty — bu diňe bir san däl. Bu bir tarapynda nyrhlaryň ýokarlanmagy, beýleki tarapynda bolsa ykdysady çökgünlikde duran “tanapyň” üstünde deňagramlylygy saklamak synanyşygydyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026