«Güýç — hakykatda»: Aşgabatda Russiýanyň güni dabaraly bellenildi


ORIENT | Syýasat. Her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Russiýanyň güni — Russiýa Federasiýasynyň iň ähmiýetli döwlet baýramlarynyň biridir. Onuň taryhy 1990-njy ýyldan, ýagny şol gün RSFSR-iň döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnamasynyň kabul edilen gününden gözbaş alýar.
Bu waka häzirki zaman Russiýasynyň Garaşsyz demokratik döwlet hökmünde kemala gelmegine tarap ädilen möhüm ädim boldy. 1992-nji ýylda bu sene resmi taýdan baýramçylyk hökmünde yglan edildi, 1994-nji ýyldan bäri bolsa döwlet baýramy derejesine eýe boldy.
Wagtyň geçmegi bilen Russiýanyň güni çuňňur simwoliki manyga eýe boldy — ol köpmilletli halkyň agzybirligini, baý taryhy mirasyna bolan buýsanjy we ýurduň geljegi üçin jogapkärçiligi aňladýar.

Millionlarça russiýalylar üçin bu baýramçylyk diňe bir dynç alyş güni däl-de, eýsem Watanyň ykbalyna özüniň dahyllydygyny duýmaga, onuň şöhratly taryhyny ýatlamaga we öňki nesilleriň gazanan üstünliklerine hormat goýmaga mümkinçilikdir.
Russiýanyň gününiň ähmiýeti, aýratyn hem ýurduň çäginde agzybir ýaşaýan medeniýetleriň, dilleriň we däp-dessurlaryň köpdürlüligi nukdaýnazaryndan has aýdyň ýüze çykýar. Russiýa Federasiýasy 190-dan gowrak halky birleşdirýär we olaryň her biri milli özboluşlylygyň umumy öwüşginine öz goşandyny goşýar.

Bu baýramçylyk Russiýanyň güýjüniň — onuň raýatlarynyň agzybirligindedigini, her bir milletiň däp-dessurlaryna bolan hormatdygyny we umumy gülläp ösüşe bolan ymtylyşdygyny ýatladýar. Şol gün tutuş ýurt boýunça dürli milletleriň, ýaşlaryň we dürli kärdäki adamlaryň başyny birleşdirýän dabaraly çäreler, konsertler, sergiler, watançylyk aksiýalary we köpçülikleýin dabaralar geçirilýär.
Russiýanyň çäklerinden daşarda hem Russiýanyň güni bellenilýär — bu çäreler, aýratyn-da, rus dilli diasporalaryň uly bolan ýurtlarynda we Russiýa Federasiýasy bilen köp ýyllyk dostlukly gatnaşyklary bolan döwletlerde has işjeň häsiýete eýedir. Ilçihana we konsullyk “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen kabul edişlik ýaly dabaralary, medeni maksatnamalary, watandaşlary we ýerli abraýly wekiller bilen duşuşyklary guraýarlar.

Bu çäreler diňe bir halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek bilen çäklenmän, eýsem dialoga açyklygy we has dürli ugurlarda hyzmatdaşlyga taýýarlygy görkezmek arkaly Russiýanyň dünýädäki oňyn keşbiniň kemala gelmegine hem ýardam edýär.
Aşgabatda-da bu baýramçylyk bellenildi. Onuň öňsyrasynda, kaşaň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri Russiýanyň gününi dostlary bilen bellemek üçin ýygnandylar.

Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleriniň, dostlukly döwletleriň ilçileriniň, RF-niň kompaniýalarynyň we olaryň türkmen kärdeşleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagy rus-türkmen gatnaşyklarynyň çuňlugyny we köpugurlylygyndan habar berýär.
Häzirki tapgyrda türkmen-rus gatnaşyklary özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda guralýar. Ýurtlaryň arasyndaky syýasy dialog durnukly häsiýete eýedir, Liderler — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin yzygiderli özara saparlary amala aşyrýarlar hem-de ýokary derejedäki gatnaşyklary saklaýarlar.

Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Hyzmatdaşlyk energetika, ulag, senagat, oba hojalygy we infrastruktura desgalar ýaly ugurlary öz içine alýar. Russiýanyň kompaniýalary ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga we täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam bermek bilen, Türkmenistanyň çäginge iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar.
Öz gezeginde, Türkmenistan tebigy gazyň gorlaryna eýe bolmak bilen, sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär, onuň strategik ýerleşýän ýeri bolsa ýurdy Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ulag geçelgelerini ösdürmekde esasy halka öwürýär.

Iki halkyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir. Rus dili wajyp aragatnaşyk serişdesi bolmagyny dowam etdirýär, Russiýanyň okuw mekdepleri bolsa geljekde ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge ukyply hünärmenleriň neslini kemala getirip, türkmen talyplaryny okuwa kabul edýärler.
Medeni alyş-çalyşlar, bilelikdäki festiwallar, sergiler we döredijilik toparlarynyň gastrollary biri-biriniň däp-dessurlaryna hem-de gymmatlyklaryna has gowy düşünmäge ýardam edýär. Aşgabatda we Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde Russiýanyň medeniýetine bagyşlanan çäreler yzygiderli geçirilýär, türkmen sungaty bolsa Russiýada gyzgyn garşylanýar.

“Ýyldyz” myhmanhanasyndaky baýramçylyk agşamy şu köptaraply gatnaşyklaryň janly subutnamasyna öwrüldi. Ol häkimiýet, işewürlik, medeniýet we jemgyýetçilik wekillerini — Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy sarpalaýan we ony has-da ösdürmäge çalyşýanlaryň baryny bir ýere jemledi.
Agşamyň myhmanlaryna ýüzlenip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin köpmilletli halkyň agzybirligini hem-de beýik taryhy mirasa bolan buýsanjy aňladýan baýramçylygyň çuňňur simwoliki manysyny nygtady. Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy häzirki ählumumy özgerişler we geosyýasy durnuksyzlyklar döwründe Russiýanyň taryhy hakykaty hem-de däp bolan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny ynamly goramagyny dowam edýändigini aýratyn belledi.

«Ählumumy meýdançada biziň çemeleşmelerimiz hemişe öz üstümize alan borçnamalarymyzy ýerine ýetirmek, sözümize wepalylyk we halkara hukugynyň kadalaryna berk eýermek bilen tapawutlandy» — diýip, diplomat nygtady.
Görnükli şahsyýet Sergeý Bodrow kiçiniň meşhur gahrymanynyň kanunalaýyk sözlerini başgaça beýan edip, Iwan Wolynkin hakyky güýjüň hakykatdadygyny aýtdy we bu pikiri jaýdar türkmen nakyly bilen tassyklady: «Eger dogruçyl bolsaň gül bolarsyň, ýalançy bolsaň kül bolarsyň».

Rus tarapy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine çuňňur hormat goýýandygyny mälim etdi, bu hukuk derejesi Merkezi Aziýada durnuklylygyň we geosyýasy deňagramlylygyň esasy şerti hökmünde çykyş edýär. Ilçi şu ýyldaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini belledi: muňa şu ýylyň maý aýynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazanda geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi» halkara forumyna gatnaşmagyndan başlap, ýakynda RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada amala aşyran saparyna çenli wakalar subutnama bolup biler. Öňde bolsa ýene-de bir möhüm waka bar: oktýabr aýynda myhmansöýer türkmen toprakarynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler, häzirki wagtda diplomatik wekilhana oňa işjeň taýýarlyk görýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we ähli Türkmenistanyň halkynyň adyndan russiýaly dostlary hem-de kärdeşleri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew mähirli gutlady. Wise-premýer täze taryhy döwürde döwletara gatnaşyklaryň has netijeli we ynanyşmak häsiýete eýe bolandygyny aýratyn belledi.
Giň gerimli strategik meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin özara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan kuwwatly şertnama-hukuk binýady berk esas bolup hyzmat edýär. Hyzmatdaşlygyň ykdysady ugruna Russiýanyň iri kärhanalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga, täze önümçilikleri döretmäge we infrastrukturasyny ösdürmäge işjeň gatnaşmagy aýdyň subutnamadyr.

«Söwda, maýa goýumlary, energetika, ulag we logistika, oba hojalygy ýaly ugurlarda gazanylan üstünlikler ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde netijeli meýdança bolup hyzmat edýär» — diýip, Nökerguly Atagulyýew belledi hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň netijeli işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge goşan saldamly goşandyny aýratyn nygtady.
Çykyş edenler medeni-ynsanperwer ulgamyna — millionlarça ynsanlaryň kalbyny birleşdirýän janly köprä aýratyn üns berdiler. Rus dili Türkmenistanda milletara gatnaşygyň we medeniýetara dialogyň iň wajyp serişdesi bolmagyny dowam edýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bu ruhy doganlygyň Aşgabat üçin nusgalyk bolan anyk mysallaryny getirdi. Olaryň hatarynda — A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň halk arasyndaky üýtgemeýän uly meşhurlygy bar. Ylmy-bilim ulgamy hem ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup galýar: eýýäm ýigrimi ýyl bäri türkmen paýtagtynda A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebi üstünlikli işläp gelýär, müňlerçe ýaş türkmenistanlylar bolsa her ýyl Russiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hilli bilim alyp, geljekki hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly intellektual binýady kemala getirýärler.

«Ýyldyz» myhmanhanasyndaky baýramçylyk agşamy ak ýürekden çykýan mähirlilik we myhmansöýerlik ýagdaýynda geçdi. Baýramçylyk saçagynyň başynda iki ýurduň häkimiýet, işewürlik we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri diňe bir biri-birini gutlamak bilen çäklenmän, eýsem täze bilelikdäki taslamalary hem işjeň maslahatlaşdylar. Olar iň berk döwletara bileleşikleriň özara ynamyň, umumy bähbitleriň we wagtyň synagyndan geçen hakyky dostlugyň sarsmaz binýadynda gurulýandygyny öz şahsy mysallarynda subut etdiler.

Dostlar sizi Russiýanyň güni bilen gutlaýaryn! Goý, bu baýramçylyk size şatlyk, ylham we iň batyrgaý maksatlaryňyzy amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri, şeýle hem ýurduňyza bolan buýsanjy we onuň nurana geljegine bolan ynamy getirsin!
Bekdurdy AMANSARYÝEW








