HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekilleri Özbegistanda geçirilýän halkara okuw saparyna gatnaşýarlar

Iýun 12, 2026 | 16:05 |2694
Şu günler Özbegistan Respublikasynyň Nukus we Daşkent şäherlerinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024-2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň hem-de «Green Central Asia» sebitara başlangyjynyň çäginde tanyşlyk we tejribe alyşmak sapary geçirilýärŞu günler Özbegistan Respublikasynyň Nukus we Daşkent şäherlerinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024-2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň hem-de «Green Central Asia» sebitara başlangyjynyň çäginde tanyşlyk we tejribe alyşmak sapary geçirilýär
Çeşme: education.gov.tm

Şu günler Özbegistan Respublikasynyň Nukus we Daşkent şäherlerinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024-2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň hem-de «Green Central Asia» sebitara başlangyjynyň çäginde tanyşlyk we tejribe alyşmak sapary geçirilýär.

8-14-nji iýun aralygynda dowam edýän bu okuw saparyna Türkmenistanyň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri hem-de halkara taslamanyň wekilleri ýurdumyza wekilçilik edýärler. Saparyň esasy maksady sebitde suw, energiýa we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek, alternatiw energiýa çeşmelerini we innowasion biosistemalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça halkara tejribesini öwrenmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda wekiller Garagalpagystan Respublikasynyň Nukus şäherinde bolup, Ylmy-barlag irrigasiýa we suw meseleleri institutynyň Garagalpagystan şahamçasynyň hem-de «Ýaş alymlar akademiýasynyň» hünärmenleri bilen duşuşdylar. Saparyň meýilnamasyna laýyklykda, innowasion ekologik ulgamlar, drenaž suwlaryny tebigy usulda arassalaýan bioplato ulgamlary we durnukly suwaryş üçin niýetlenen gün panelleri bilen iýmitlenýän suw nasos stansiýalaryň işjeňligi öwrenilýär. Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň binasynda biosenagatyň hem-de bioenergetikanyň esasy ugurlarynyň biri bolan hlorella mikrosuwotularyny ösdürip ýetişdirmegiň önümçilik şertleri we laboratoriýa işleri bilen ýakyndan tanyşlyk amala aşyrylar.

Maksatnamanyň öňümizdäki günlerinde türkmen wekilleriniň Aralýaka sebitiniň Halkara innowasiýa merkeziniň ýolbaşçylary bilen duşuşmagyna, intensiw bagbançylyk boýunça synag meýdançalaryna aýlanmagyna we Daşkent şäherinde dowam etjek ylmy seminarlara gatnaşmagyna garaşylýar. Şol seminarlaryň çäginde topragyň şorlaşmagyny azaltmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, topragyň elektrik geçirijiligini çalt bahalandyrmak hem-de Syrderýa welaýatyndaky «Master fruit» fermer hojalygynda oba hojalygy bilen gün energiýasyny utgaşdyrýan döwrebap Agro-fotoelektrik ulgamlarynyň amaly ulanylyşy ylmy esasda öwreniler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026