Türkiýede Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi


11-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Deňizli şäherindäki Pamukkale uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan ylmy maslahaty gurady.
Çärä Pamukkale uniwersitetiniň rektory, professor, doktor Mahmut Güngör, Türkiýe Respublikasynyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň, döredijilik we ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, talyp ýaşlar, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda gatnaşyjylara 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berildi. Bu şygaryň ýurdumyzyň garaşsyzlyk, hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk we döredijilik ýörelgelerine ygrarlylygyny şöhlelendirýändigi aýratyn nygtaldy.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, hemişelik bitaraplyk derejesine esaslanýan halkara başlangyçlaryny, şeýle hem bilim, ylym, medeniýet we ykdysadyýet ulgamlarynda türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün Deňizli şäherinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan fotosergi hem açyldy.
Mundan başga-da, Deňizlide geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M. Işangulyýew Deňizli welaýatynyň häkimi Ýawuz Selim Köşger, şäher häkimi Bülent Nuri Çawuşogly hem-de Pamukkale uniwersitetiniň rektory Mahmut Güngör bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda bilim, medeni-ynsanperwer hem-de söwda-ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, şeýle hem Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT








