HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Turkish Airlines bäşinji gezek Ýewropada bort naharlarynyň hili boýunça iň gowy awiakompaniýa diýlip ykrar edildi

Iýun 14, 2026 | 12:55 |6513
Turkish Airlines 2026-njy ýylyň Best Airline Awards baýragynyň çäklerinde «Ýewropada iň gowy bort hyzmaty: iýmit we içgiler» (Europe’s Best Food & Beverage Service) diýen abraýly baýraga mynasyp boldyTurkish Airlines 2026-njy ýylyň Best Airline Awards baýragynyň çäklerinde «Ýewropada iň gowy bort hyzmaty: iýmit we içgiler» (Europe’s Best Food & Beverage Service) diýen abraýly baýraga mynasyp boldy
Çeşme: Turkish Airlines

Turkish Airlines 2026-njy ýylyň Best Airline Awards baýragynyň çäklerinde «Ýewropada iň gowy bort hyzmaty: iýmit we içgiler» (Europe’s Best Food & Beverage Service) diýen abraýly baýraga mynasyp boldy. Bu baýrak ýolagçy tejribesiniň hiline baha bermek boýunça dünýäniň öňdebaryjy guramalarynyň biri bolan APEX (Airline Passenger Experience Association) tarapyndan gowşurylýar.

Türkiýäniň milli howa gatnadyjysy bu abraýly baýragy eýýäm bäşinji gezek gazanyp, bort keýteringiniň ýokary derejesini hem-de müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmaga bolan yzygiderli ünsüni ýene bir gezek subut etdi. APEX baýragynyň gowşurylyş dabarasy 10-njy iýunda Irlandiýanyň paýtagty Dublin şäherinde geçirilen Future Travel Experience EMEA, Ancillary & Retailing halkara awiasiýa forumynyň çäklerinde geçirildi.

Ses berişlik nähili geçirildi 2026-njy ýylyň APEX Awards baýragynyň ýeňijileri dünýäde syýahatlary meýilleşdirmek üçin iň meşhur programmalaryň biri bolan TripIt® by Concur® bilen hyzmatdaşlykda ýygnalan garaşsyz, anonim we tassyklanan ýolagçy synlarynyň esasynda kesgitlenildi.

Giň gerimli baha beriş işiniň dowamynda ýolagçylar 600-den gowrak awiakompaniýanyň amala aşyran bir milliondan hem köp gatnawynyň netijelerine bäş ýyldyzly ulgam boýunça baha berdiler. Syýahatçylar öz tejribelerini aşakdaky bäş esasy ugur boýunça bahalandyrdylar:

• Oturgyçlaryň rahatlygy;

• Salondaky hyzmat;

• Iýmitler we içgiler;

• Bortdaky güýmenje ulgamy;

• Wi-Fi aragatnaşygynyň hili.

Üstünligiň syry: beýiklikdäki gastronomiýa Turkish Airlines bort naharlary konsepsiýasyny yzygiderli kämilleşdirip, adaty türk myhmansöýerligini ýokary hilli, dürli görnüşli we özboluşly tagamlar bilen utgaşdyrýar.

Meşhur «Uçýan aşpez» (Flying Chef) hyzmaty, baý menýu saýlawy we yzygiderli täzelenýän nahar konsepsiýasy netijesinde milli howa gatnadyjysy alty yklymyň 130-dan gowrak ýurduny öz içine alýan giň ugur torunda ýolagçylaryna özboluşly gastronomik tejribe hödürleýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026