HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

Iýun 14, 2026 | 15:26 |4297
11-nji iýunda Deňizli şäheriniň Söwda-senagat edaralarynyň we haryt biržalarynyň birleşiginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan işewürlik forumy guraldy11-nji iýunda Deňizli şäheriniň Söwda-senagat edaralarynyň we haryt biržalarynyň birleşiginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan işewürlik forumy guraldy
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy

11-nji iýunda Deňizli şäheriniň Söwda-senagat edaralarynyň we haryt biržalarynyň birleşiginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan işewürlik forumy guraldy.

Çäre türk kompaniýalarynyň 100-den gowrak ýolbaşçysyny we döwlet degişli däl pudagyň wekillerini bir ýere jemledi. Forumyň maksady türk işewürler jemgyýetiniň wekillerini Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek maksady bilen, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda halkara söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça jogapkärli hem-de hemmetaraplaýyn syýasat alyp barýandygy bellenildi.

Союз торгово-промышленных палат и товарных бирж города Денизли Посольство Туркменистана деловой форум

Türkmenistanyň hususy pudagyň ösdürilmegini we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini işjeň goldaýandygy, işewürlik üçin giň gerimli ýeňillikleri we amatly şertleri döredýändigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ekologiýa taýdan arassa we “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmaga ygrarlydygy nygtaldy.

Işewürlik forumynyň dowamynda gatnaşyjylar türk maýa goýumlaryny çekmegiň geljegi uly bolan ugurlary, şol sanda nebitgaz we nebithimiýa pudagy, agrosenagat toplumy, ulag-logistika ulgamy, şeýle hem telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary boýunça özara pikir alyşdylar.

Çäräniň çäginde gatnaşyjylara Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan wideorolik görkezildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026