HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýede Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi

Iýun 12, 2026 | 16:01 |3258
11-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Deňizli şäherindäki Pamukkale uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan ylmy maslahaty gurady11-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Deňizli şäherindäki Pamukkale uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan ylmy maslahaty gurady
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy

11-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Deňizli şäherindäki Pamukkale uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan ylmy maslahaty gurady.

Çärä Pamukkale uniwersitetiniň rektory, professor, doktor Mahmut Güngör, Türkiýe Respublikasynyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň, döredijilik we ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, talyp ýaşlar, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Турецкой Республике Университет Памуккале город Денизли научную конференцию, приуроченную к 35-летию Независимости Туркменистана

Çykyşlarda gatnaşyjylara 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berildi. Bu şygaryň ýurdumyzyň garaşsyzlyk, hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk we döredijilik ýörelgelerine ygrarlylygyny şöhlelendirýändigi aýratyn nygtaldy.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, hemişelik bitaraplyk derejesine esaslanýan halkara başlangyçlaryny, şeýle hem bilim, ylym, medeniýet we ykdysadyýet ulgamlarynda türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

город Денизли фотоэкспозиция

Şol gün Deňizli şäherinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan fotosergi hem açyldy.

Mundan başga-da, Deňizlide geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M. Işangulyýew Deňizli welaýatynyň häkimi Ýawuz Selim Köşger, şäher häkimi Bülent Nuri Çawuşogly hem-de Pamukkale uniwersitetiniň rektory Mahmut Güngör bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Посол Туркменистана в Турции М.Ишангулыев с губернатором провинции Денизли Явузом Селимом Кёшгером

Duşuşyklaryň dowamynda bilim, medeni-ynsanperwer hem-de söwda-ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, şeýle hem Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026