HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

2026-njy ýylyň maý aýy gözegçilikleriň taryhynda ikinji iň yssy aý boldy: El-Ninýo güýçlenýär, Ýewropa bolsa rekord derejedäki yssylygy başdan geçirdi

Iýun 11, 2026 | 19:00 |1173
Çeşme: orient.tm

Ýuwaş okeanyň tropiki böleginde deňiz üstüniň temperaturasy kadadan ýokarylygyň saklandy. Fransiýada, Beýik Britaniýada we Portugaliýada maý aýy üçin taryhdaky iň ýokary görkezijiler hasaba alyndy. Alymlar adatdan daşary tebigy hadysalar häzirki zaman howanyň kadaly aýratynlygyna öwrülýändigini duýdurýarlar.

“CCTV+”-iň habar bermegine görä, Ýewropanyň “Copernicus” (C3S) howanyň üýtgemegi boýunça gullugy çarşenbe güni hasabat çap etdi. Oňa laýyklykda, 2026-njy ýylyň maýy dünýä boýunça taryhdaky iň yssy ikinji maý aýy boldy. Gury ýerdäki we umman üstündäki ortaça temperaturalar taryhy taýdan ýokary derejede galdy.

Ýuwaş ummanyň tropiki böleginde deňiz üstüniň temperaturasy maý aýynyň dowamynda kadadan ýokary bolmagyny dowam etdi. Alymlar El-Ninýo şertleriniň emele gelýändigini we olaryň ýakyn aýlarda güýçlenip, bütin dünýädäki howa şertlerine täsir etmeginiň mümkindigini bellediler.

Ýewropada aýyň dowamynda ep-esli ýylylaşma synlandy. Birnäçe ýurtda, şol sanda Fransiýada, Beýik Britaniýada we Portugaliýada gözegçilikleriň taryhynda maý aýynyň iň ýokary temperaturalary hasaba alyndy. Şol bir wagtda, yzgarlaryň düşüş häsiýeti yklymyň dürli künjeklerinde düýpli tapawutlandy: käbir sebitlerde has köp ýagyn ýagdy, beýlekileri bolsa gurak galdy.

Orta möhletli howa çaklamalaryň Ýewropa merkeziniň howa strategiýasy bölüminiň ýolbaşçysy Samanta Berjes, Ýewropada adatdan daşary ir we güýçli yssylaryň bolmagynyň, adatdan daşary howa hadysalarynyň häzirki zaman howasynyň barha yzygiderli aýratynlygyna öwrülýändigini aýratyn belledi.

“Copernicus” maksatnamasy — Ýewropa Bileleşiginiň esasy syn ediş maksatnamasydyr. Ol howanyň, ummanyň, buz gatlagynyň temperaturasyna we beýleki howa görkezijilerine yzygiderli gözekçilik edýär. “Copernicus” gullugynyň maglumatlary dünýäde iň ygtybarly maglumatlaryň biri hasaplanýar. El-Ninýo — Ýuwaş ummanyň ekwatorial böleginde umman üstüniň temperaturasynyň tebigy üýtgemegidir; ol guraklyga, siliň gelmegine we adatdan daşary yssylara sebäp bolup, bütin planetanyň howasyna täsir edýär.

Indiki gelýän her bir aý täze rekordlary täzeleýär — biz eýýäm bu jümlelere öwrenişip hem barýarys. Emma yssylyk Ýewropa adatdan daşary ir gelende we ummanyň gyzmagyny dowam edende, bu diňe bir hasabatdaky hat däl-de, eýsem howanyň indi “ortaça” bolmagyny bes edendigini ýatladýan duýduryşdyr. Ol adatdan daşary ýagdaýa geçdi. Indi mesele indiki yssynyň boljakdygynda däl-de, biziň oňa näderejede taýýarlygymyzda.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026