HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý we ÝUNESKO: ylym, bilim we medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygyň täze tapgyry — Ählumumy Günorta üçin talyp haklaryndan başlap, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde STEM-iň I derejeli ilkinji institutyna çenli

Iýun 11, 2026 | 16:00 |834
Çeşme: orient.tm

Mogao gowaklaryny goramak üçin emeli aň we 3D modelirleme, ösüp barýan ýurtlaryň ýaşlary üçin talyp hakly maksatnamalary, şeýle-de howa we geosyýasy çagyryşlara jogap hökmünde Ählumumy siwilizasiýalar başlangyjy (GCI) — Hytaý we ÝUNESKO hyzmatdaşlygy giňeldýärler.

“CCTV+” habar bermegine görä, ÝUNESKO-nyň Gündogar Aziýa boýunça direktory Şahbaz Han Hytaýyň bu guramanyň elmydama iň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Hytaý bilen ylym, bilim, medeniýet we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam edýändigini mälim etdi. Hytaýyň mediatoparyna (CMG) beren interwýusynda Şahbaz Han dürli siwilizasiýalara has çuňňur düşünmegiň we dünýä medeniýetleriniň dürlüligine goýulýan hormatyň häzirki wagtda örän möhümdigini aýratyn belledi.

“Howanyň üýtgemegi adamzat üçin ýaşaýyş üçin uly howp döredýär we elbetde, harby hereketler hem-de geosyýasy çagyryşlar entek hem dowam edýär, şonuň üçin Ählumumy siwilizasiýalar başlangyjy (GCI) öňküden-de has ähmiýetlidir. Bize medeniýetlerara dialog gerek. Eger biz biri-birimiz bilen gepleşsek, şu tapawutlylyklaryň köpüsini ýeňip geçip bileris. Eger biz biri-birimize, öz siwilizasiýalarymyza düşünişsek, onda hemmeler üçin geljek has gowy bolar. Biz durnukly ösüş üçin täze mümkinçilikleri döredip bileris” diýip, ol belledi.

Şahbaz Han Hytaýyň kagyz önümçiliginden başlap emeli aňa çenli bolan uzak taryhly innowasiýa däbiniň onuň medeniýeti bilen kesgitlenýändigini belledi. Medeni mirasy gorap saklamakda tehnologiýalaryň ulanylmagy ösýän ýurtlar üçin gymmatly tejribe bolup hyzmat edýär. “Hytaý tebigaty goramak işlerine ylmy we tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar. Emeli aňyň we 3D modelirlemäniň ulanylmagy netijesinde — Mogao gowaklarynyň ählisini öz kompýuteriňizde geň galdyryjy görnüşde görüp bilersiňiz.

Aralykdan zondirleme tehnologiýalarynyň we tebigaty goramagyň arabaglanyşygy boýunça Hytaýda eýýäm ajaýyp nusgalar bar, olar bütin dünýädäki ösüp barýan ýurtlar üçin peýdaly bolup biler” diýip, Han aýtdy.

Soňky ýyllarda Hytaý bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky amaly hyzmatdaşlyk birnäçe möhüm täze başlangyçlaryň ýüze çykmagyna getirdi: esasanam Ählumumy Günorta ýurtlaryndan bolan ýaşlara Hytaýda oba hojalygyny we döwrebap tehnologiýalary öwrenmäge kömek etmek üçin bilelikdäki talyp hakly maksatnamalary, şeýle hem Hytaýyň ylmy-barlag institutlary arkaly ylmyň we tehnikanyň kömegi bilen medeni mirasy goramak üçin meýdançalaryň döredilmegi şolaryň hatarynda durýar.

“Geçen aýda biziň baş direktorymyzyň sapary wagtynda bilim, medeniýet, şeýle hem ylym we tehnika ulgamlarynyň bilelikde ösdürilmegine ýardam berjek ýokary derejeli birnäçe duşuşygy geçirdik. Ajaýyp bir mysal bar — Şanhaýdaky täze institut (ÝUNESKO-nyň halkara STEM-bilim instituty), ol Hytaýyň dünýä üçin eden örän uly maýa goýumydyr” diýip, ol belledi. Institut 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda esaslandyryldy we ÝUNESKO tarapyndan Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde döredilen ilkinji I derejeli institut boldy. Onuň maksady — talyplarda ylym, tehnika, inženerçilik we matematika (STEM) ugurlary boýunça innowasion pikirlenmäni, meseleleri çözmek ukybyny we durmuş jogapkärçiligini ösdürmekden ybaratdyr.

Soňky wagtda siwilizasiýalaryň arasyndaky dilaog nusgalyk ýokary derejeli medeni çäreleriň birnäçesi geçirilýär. Çarşenbe güni Nýu-Ýorkda Siwilizasiýalaryň arasyndaky dialogyň halkara güni açyldy, 2-4-nji iýun aralygynda Dunhuan şäherinde (Gansu welaýaty) dünýä sinologlarynyň (hytaýşynaslarynyň) üçünji maslahaty geçirilidi, sişenbe we çarşenbe günleri bolsa Afinada Gresiýa bilen bilelikde guralan nusgawy ylmy barlaglaryň ikinji Bütindünýä maslahaty boldy.

Bir wagtlar dünýä kagyzy we kitap çap etmegi sowgat eden Hytaý, şu gün emeli aňyň we mirasy sanly ulgamda gorap saklamagyň iň öňdäki hatarynda durýar. Bu tehnologiýalar medeniýetleriň arasyndaky dialoga hyzmat edende, talyp haklary bolsa Ählumumy Günortanyň talyplaryna täze gapylary açanda, diňe bir hyzmatdaşlyk däl, eýsem umumy geljek kemala gelýär. Ähtimäl, ylmyň, bilimiň we özara hormatyň şeýle birleşmesinde howanyň we geosyýasatyň çagryşlaryna hakyky jogap gizlenendir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026