Türkmenistanyň Hindistandaky ilçisi şol bir wagtda Maldiwler Respublikasyndaky doly ygtyýarly wekili wezipesine bellenildi


Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldinazarow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Maldiwler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) wezipesine bellenildi.
Türkmenistan bilen Maldiwler Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda ýola goýuldy. Türkmenistanyň Hindistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň şol bir wagtda Maldiw Adalaryndaky doly ygtyýarly wekili wezipesine bellenilmegi, Günorta Aziýa sebitinde diplomatik gatnaşygy kämilleşdirmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan maksatlaryny tassyklaýar.
Geografiki taýdan uzaklygyklaryna garamazdan, Aşgabat we Male, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda konstruktiw dialogy alyp barýarlar. Iki ýurt hem howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly ählumumy gün tertibiniň meseleleri boýunça umumy çemeleşmeleri paýlaşýarlar, bu bolsa ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady özara gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin berk binýat döredýär.








