HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky akademiki we ýaşlar hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Iýun 10, 2026 | 19:43 |4588
10-njy iýunda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D. Seýitmämmedow Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze bilen duşuşdy10-njy iýunda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D. Seýitmämmedow Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze bilen duşuşdy
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan hödürlenen

10-njy iýunda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D. Seýitmämmedow Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň ylmy-bilim edaralarynyň arasyndaky uzak möhletleýin özara gatnaşyklar üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýän şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň häzirki meselelerine aýratyn üns berildi.

Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze

Gepleşige gatnaşyjylar akademiki ykjamlylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşygyny giňeltmegiň, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň we ýokary hünärli kadrlar taýýarlamak ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmagyň ähmiýetini nygtap geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ylmy hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildiryändiklerini tassykladylar we ylmy-bilim ulgamynda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen täze başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Посол Туркменистана в Грузии Довлетмырат Сейитмаммедов

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026