HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti ýertitreme zerarly Filippinleriň Baştutanyna gynanç bildirdi

Iýun 11, 2026 | 22:54 |5304
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Markosa ýurduň Mindanao adasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Markosa ýurduň Mindanao adasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi
Çeşme: cbc.ca

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Markosa ýurduň Mindanao adasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

8-nji iýun güni irden Filippinleriň Mindanao adasynyň günorta kenarynda 7,8 ball derejesinde bolan betbagtçylykly ýertitreme boldy. Bu ýurtda soňky otuz alty ýylyň dowamynda bolan iň güýçli ýertitremeleriň biri boldy. Tebigy harasatyň esasy urgy Sarangani welaýatyna we iri port şäheri bolan General-Santos şäherine düşdi. Ol ýerde söwda binalarynyň, mekdepleriň we lukmançylyk edaralarynyň bölekleýin we doly weýran bolandygy, şeýle hem esasy awtomobil ýollarynyň ýapylandygy hasaba alyndy. Milli raýat goranyş gulluklarynyň resmi maglumatlaryna görä, pida bolanlaryň sany eýýäm 40 adamdan geçdi, ýüzlerçe ýaşaýjy şikes aldy, on müňlerçe adam bolsa wagtlaýyn sunami howpy we dowam edýän güýçli gaýtalanýan sarsgynlar sebäpli kenarýaka zolaklardan ewakuasiýa edilmäge mejbur boldy. Ejir çeken sebitlerde giň gerimli gözleg-halas ediş çäreleri alnyp barylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026