HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý ägirt uly suw ulag geçelgesiniň gurluşygyna başlady: täze şlýuz «Üç deräniň» geçirijilik ukybyny ýylda 336 million tonna çenli artdyrar

Iýun 09, 2026 | 19:24 |1066
Çeşme: orient.tm

77,2 milliard ýuan (11,3 milliard ABŞ dollary), bäş derejeli iki ugurly gämi geçelgesi — dünýäniň iň uly içerki gämi şlýuzy planetanyň iň kuwwatly gidroelektrik stansiýasynyň golaýynda gurulýar. Dünýäde uzynlygy boýunça üçünji orunda durýan Ýanszy derýasyndaky gämi gatnawyna bolan isleg bolsa yzygiderli artýar

CCTV+ habar bermegine görä, duşenbe güni Hytaý «Üç dere» suw ulag geçelgesiniň iri taslamasynyň gurluşygyna resmi taýdan badalga berdi. Açylyş dabarasy ýurduň merkezi bölegindäki Hubeý welaýatynyň Içan şäherinde geçirildi. Dabara Hytaýyň wise-premýeri, Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan gatnaşdy.

Taslama häzirki «Üç dere» bendiniň gämi geçelgesiniň demirgazygynda bäş derejeli, iki ugurly täze gämi şlýuzynyň gurluşygyny öz içine alýar. Mundan başga-da, derýanyň aşak akymyndaky kiçi bentde ýerleşýän gämi gatnawy infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Taslama tamamlanandan soň, «Üç dere» ulgamynyň ýyllyk geçirijilik ukyby tas iki esse ýokarlanyp, 336 million tonna ýeter. Bu Hytaýyň 15-nji bäşýyllyk ösüş maksatnamasynyň (2026–2030) çäginde başlanan ilkinji iri taslamadyr. Şeýle hem ol 2035-nji ýyla çenli sosialistik döwrebaplaşdyrma maksadyna ýetmek ýolundaky möhüm ädimleriň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

Ýanszy derýasyndaky «Üç dere» bendi häzirki wagtda elektrik energiýasyny öndürmek boýunça dünýä rekordyny saklaýar. Şeýle-de bolsa, ýük daşamalarynyň möçberiniň artmagy suw ulag ulgamyny giňeltmegi talap etdi. Täze şlýuz gämi gatnawyny togtatmazdan has köp gämini geçirmäge mümkinçilik berýän inženerçilik çözgüdi bolar.

Bir wagtlar beýik hytaý derýasy tebigy päsgelçilik hasaplanylýardy. Häzirki wagtda bolsa ol ýokary tehnologiýaly ulag magistralyna öwrülýär. Täze şlýuz diňe beton bilen polatdan ybarat gurluşyk däl. Ol ykdysady ösüş bilen inženerçilik pikiriniň sazlaşygyny üpjün etmegiň anyk mysalydyr.

Gämiler bäş basgançakly kameralaryň üsti bilen kem-kemden ýokary galdyrylyp ýa-da aşak düşürilip durka, derýa öz akymyny dowam etdirer, söwda bolsa has-da giň gerime eýe bolar. Şeýlelikde, müňýyllyklardan bäri akyp gelýän Ýanszy derýasynyň taryhynda täze sahypa açylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026