CTBTO ählumumy howpsuzlyk ulgamynda hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistana ýardam eder


ORIENT | Syýasat, 8-nji iýun. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Aşgabada sapar bilen gelen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary doktor Robert Floýd bilen gepleşikler geçirdi. Diplomatlar ählumumy howpsuzlyk, ýaragsyzlanmak, ýaraglara gözegçilik etmek we ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak ugurlaryndaky halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň gol çekilmek üçin açylmagynyň 30 ýyllygy ýaly ähmiýetli senä aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler bu resminamanyň ýaraglary gözegçilikde saklamagyň halkara binýadynyň we doly ýadro doly ýaragsyzlanmak maksatlaryny ilerletmäge gönükdirilen iň möhüm halkara gurallarynyň biri hökmünde taryhy ähmiýetini nygtadylar.
BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistanyň öz üstüne alan ähli halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigi bellenildi. Biziň ýurdumyz halkara bileleşiginiň özara ynanyşmagy berkitmäge, öňüni alyş diplomatiýasyna we ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny yzygiderli goldaýar.

Ählumumy geosyýasy gün tertibinden başga-da, Raşid Meredow we Robert Floýd amaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça anyk ädimleri bellediler. Hususan-da, taraplar Türkmenistanyň milli hünärmenlerini taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, olaryň CTBTO-nyň ýöriteleşdirilen bilim maksatnamalaryna gatnaşmagyny giňeltmek we degişli bilermenler derejesinde yzygiderli tejribe alyşmagy ýola goýmak barada ylalaşdylar diýip, DIM-niň beýanatynda aýdylýar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Merkezi Aziýa sebitinde we bütin dünýäde durnuklylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine hyzmat edýän yzygiderli we konstruktiw dialogy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.








