HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň ilkinji milli media banky işe girizildi

Iýun 09, 2026 | 18:22 |1628
Özbegistan Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýanyndaky Kontent merkezi Aura.uz platformasyny synag tertibinde işe girizdiÖzbegistan Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýanyndaky Kontent merkezi Aura.uz platformasyny synag tertibinde işe girizdi
Çeşme: yuz.uz

Özbegistan Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýanyndaky Kontent merkezi Aura.uz platformasyny synag tertibinde işe girizdi. Bu Merkezi Aziýada ýurduň halkara derejede tanadylmagyna hyzmat edýän ýokary hilli wizual mazmuny jemleýän ilkinji iri media bankdyr diýip, Yuz.uz habar berýär.

Taslamanyň esasy maksady žurnalistlere, blogerlere, dizaýnerlere we media pudagynyň wekillerine professional materiallara giň elýeterlilik döretmekden ybaratdyr. Platformada Özbegistanyň medeniýetini, däp-dessurlaryny, syýahatçylyk mümkinçiliklerini, tebigatyny we şäher durmuşyny şöhlelendirýän suratlar hem-de wideolar jemlenendir. Häzirki wagtda serwerlerde takmynan 6 terabaýt maglumat (12 müňden gowrak faýl) saklanýar we arhiw her gün ortaça 200 birlik mazmun bilen doldurylýar. Maglumat binýady döwlet edaralarynyň, Milli teleradiokompaniýanyň we UzA habarlar agentliginiň materiallary esasynda döredildi.

Platforma ulanyjylara media bilen işlemegiň häzirki zaman standartlaryny hödürleýär:

• logotipsiz we suw belgilerisiz ýokary çözgütli (HD, Full HD, 4K we ondan ýokary) mazmun;

• kese (16:9) we dik (9:16) görnüşdäki wideomateriallar;

• sebitler, pasyllar, mowzuklar we günüň wagty boýunça süzgüçleri öz içine alýan akylly gözleg ulgamy.

Aura.uz platformasynyň möhüm aýratynlyklarynyň biri hem döredijilik jemgyýetine açyk bolmagydyr. Professional suratçylar we wideooperatorlar öz işlerini platformada özbaşdak ýerleşdirip bilerler. Geljekde bolsa awtorlyk mazmunyny monetizasiýa etmek ulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026