HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Intel we Hitachi güýçlerini birleşdirýär: emeli aň, kwant tehnologiýalary we täze nesil çipler

Iýun 09, 2026 | 18:04 |1116
Amerikanyň Intel we Ýaponiýanyň Hitachi tehnologiýa ägirtleri strategik hyzmatdaşlyk barada yglan etdilerAmerikanyň Intel we Ýaponiýanyň Hitachi tehnologiýa ägirtleri strategik hyzmatdaşlyk barada yglan etdiler
Çeşme: hitechnectar.com

Amerikanyň Intel we Ýaponiýanyň Hitachi tehnologiýa ägirtleri strategik hyzmatdaşlyk barada yglan etdiler. Kompaniýalar häzirki zaman senagatynyň öňünde duran çylşyrymly meseleleri çözmek üçin güýçlerini birleşdirýärler. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary öňdebaryjy sanly infrastruktura, kwant hasaplamalary hem-de hakyky önümçilik enjamlaryny dolandyrýan emeli aň — «fiziki emeli aň» bolar.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri Intel-iň mikroçip öndürýän zawodlarynyň işini kämilleşdirmekden ybarat bolar. Hitachi amerikan hyzmatdaşyna ýokary takyklykdaky metrologik enjamlary we kremniý plastinalaryny aşgarlaýyş (etching) ulgamlaryny ýetirýär. Indi bolsa bu kärhanalarda Hitachi-niň ýörite emeli aň ulgamy ornaşdyrylar. Ulgam enjamlaryň ýagdaýyny yzygiderli seljerer, mümkin bolan näsazlyklary öňünden çaklar we tehniki hyzmaty meýilleşdirer. Bu Intel üçin abatlaýyş çykdajylarynyň ep-esli azalmagyny we önümçilikdäki bökdençlikleriň iň pes derejä düşürilmegini aňladýar.

Mundan başga-da, Intel ýapon hyzmatdaşlarynyň doly awtomatlaşdyrylan, adam gatnaşygyny talap etmeýän önümçilik sehlerini döretmek boýunça tejribesinden peýdalanmagy meýilleşdirýär.

Ylalaşygyň möhüm bölegi energetika ulgamyndaky göni tehnologik alyş-çalyş boldy:

• Hitachi Intel-iň zawodlaryny kuwwat enjamlaryny dolandyrýan öňdebaryjy ulgamlar bilen üpjün eder.

• Intel bolsa öz gezeginde ýapon konsernine kuwwat elektronikasy üçin häzirki zaman ýarymgeçiriji komponentleri hödürlär.

Zawodlaryň işini kämilleşdirmekden başga-da, iki kompaniýanyň inženerleri ýöriteleşdirilen çipleri bilelikde işläp taýýarlamak, emeli aň üçin periferiýa hasaplamalaryny ösdürmek we kwant kompýuterleri üçin platformalary döretmek boýunça hyzmatdaşlyk ederler. Şeýle hyzmatdaşlyk has kuwwatly we energiýa taýdan tygşytly elektronikanyň döremegini çaltlandyrar, bu bolsa netijede bütin dünýäniň IT pudagyna peýda getirer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026