Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri PHYF-2026 maslahatynda çykyş edip, Emeli aň boýunça Başarnyklar merkeziniň dörediljekdigini yglan etdi


Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPYF-2026) «Sanly geljek: ösüşiň umumy ugurlary, kynçylyklary we çözgütleri» atly mejlisinde Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew ýurdumyzda emeli aňy ösdürmek boýunça meýilnamalar barada gürrüň berdi.
Hajymyrat Hudaýgulyýewiň bellemegine görä, «Türkmentelekom» döwlet kärhanasynyň binýadynda emeli aň boýunça Başarnyklar merkezi dörediler. Bu merkez milli sanly ileri tutulýan ugurlary goldamak, ylmy-barlag işlerini geçirmek we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen meşgullanar.
Ministrligiň halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ulag-logistika geçelgelerini dolandyrmak, nebit-gaz pudagynda çaklama ulgamyny döretmek hem-de oba hojalygynda suw serişdelerini netijeli dolandyrmak ugurlarynda synag taslamalaryny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýändigini hem nygtady.
H. Hudaýgulyýewiň sözlerine görä, soňky üç ýylyň dowamynda Türkmenistanyň halkara internet ugurlarynyň geçirijilik ukyby on esse artdy. Bu bolsa sanly hyzmatlary, elektron söwdany we serhetara maglumat alyş-çalşygyny ösdürmek üçin berk binýady emele getirýär. Ol emeli aňyň, uly maglumatlaryň (Big Data), blokçeýn tehnologiýalarynyň we kiberhowpsuzlygyň ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleri hökmünde garalýandygyny we olaryň bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy hem-de ulag pudaklarynda eýýäm ornaşdyrylýandygyny aýtdy.
Şeýle hem ministr strategik ähmiýetli infrastruktura taslamalary bilen tanyşdyrdy. Olaryň hatarynda Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykalgasy bilen Serhetabat – Hyrat süýüm-optiki aragatnaşyk liniýasynyň gurulmagy we Hazar deňziniň düýbi boýunça suwasty kabeliň çekilmegi bar. Bu taslamalar Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täze ýokary tizlikli sanly ugurlary döretmäge hem-de halkara aragatnaşyk ýollarynuň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.








