Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri PHYF-2026 maslahatynda çykyş edip, Emeli aň boýunça Başarnyklar merkeziniň dörediljekdigini yglan etdi

Iýun 04, 2026 | 22:25 |17818
Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPYF-2026) «Sanly geljek: ösüşiň umumy ugurlary, kynçylyklary we çözgütleri» atly mejlisinde Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew ýurdumyzda emeli aňy ösdürmek boýunça meýilnamalar barada gürrüň berdiPeterburg halkara ykdysady forumynyň (SPYF-2026) «Sanly geljek: ösüşiň umumy ugurlary, kynçylyklary we çözgütleri» atly mejlisinde Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew ýurdumyzda emeli aňy ösdürmek boýunça meýilnamalar barada gürrüň berdi
Çeşme: РИА новости

Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPYF-2026) «Sanly geljek: ösüşiň umumy ugurlary, kynçylyklary we çözgütleri» atly mejlisinde Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew ýurdumyzda emeli aňy ösdürmek boýunça meýilnamalar barada gürrüň berdi.

Hajymyrat Hudaýgulyýewiň bellemegine görä, «Türkmentelekom» döwlet kärhanasynyň binýadynda emeli aň boýunça Başarnyklar merkezi dörediler. Bu merkez milli sanly ileri tutulýan ugurlary goldamak, ylmy-barlag işlerini geçirmek we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen meşgullanar.

Ministrligiň halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ulag-logistika geçelgelerini dolandyrmak, nebit-gaz pudagynda çaklama ulgamyny döretmek hem-de oba hojalygynda suw serişdelerini netijeli dolandyrmak ugurlarynda synag taslamalaryny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýändigini hem nygtady.

H. Hudaýgulyýewiň sözlerine görä, soňky üç ýylyň dowamynda Türkmenistanyň halkara internet ugurlarynyň geçirijilik ukyby on esse artdy. Bu bolsa sanly hyzmatlary, elektron söwdany we serhetara maglumat alyş-çalşygyny ösdürmek üçin berk binýady emele getirýär. Ol emeli aňyň, uly maglumatlaryň (Big Data), blokçeýn tehnologiýalarynyň we kiberhowpsuzlygyň ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleri hökmünde garalýandygyny we olaryň bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy hem-de ulag pudaklarynda eýýäm ornaşdyrylýandygyny aýtdy.

Şeýle hem ministr strategik ähmiýetli infrastruktura taslamalary bilen tanyşdyrdy. Olaryň hatarynda Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykalgasy bilen Serhetabat – Hyrat süýüm-optiki aragatnaşyk liniýasynyň gurulmagy we Hazar deňziniň düýbi boýunça suwasty kabeliň çekilmegi bar. Bu taslamalar Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täze ýokary tizlikli sanly ugurlary döretmäge hem-de halkara aragatnaşyk ýollarynuň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026
Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

17:49 Awgust 04, 2026
Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

17:41 Awgust 04, 2026