HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Xiaomi kämilleşdirilen emeli aňly eplenýän smart-planşeti taýýarlaýar

Iýun 09, 2026 | 18:19 |1581
Xiaomi kompaniýasy ekrany ulaldylan täze eplenýän smartfony taslamalaşdyrmaga başlady. Bu enjam hem smartfonyň, hem-de planşetiň ornuny doly çalşyp biljek görnüşde döredilýärXiaomi kompaniýasy ekrany ulaldylan täze eplenýän smartfony taslamalaşdyrmaga başlady. Bu enjam hem smartfonyň, hem-de planşetiň ornuny doly çalşyp biljek görnüşde döredilýär
Çeşme: Huawei

Xiaomi kompaniýasy ekrany ulaldylan täze eplenýän smartfony taslamalaşdyrmaga başlady. Bu enjam hem smartfonyň, hem-de planşetiň ornuny doly çalşyp biljek görnüşde döredilýär. Täze model geljekki iPhone Ultra flagmanyna, şeýle hem Samsung we Apple kompaniýalarynyň meňzeş enjamlaryna gönüden-göni bäsdeş hökmünde taýýarlanýar.

Ultra giň ekranly eplenýän enjamlara bolan gyzyklanma dünýä boýunça ep-esli artdy. Bu ýagdaý tehnologiýa ägirtlerini täze konstruktiw çözgütleri gözlemäge mejbur edýär. Xiaomi alyjylary diňe bir çeýe ekran bilen däl, eýsem emeli aňyň özboluşly mümkinçilikleri bilen hem özüne çekmegi meýilleşdirýär.

Smartfonyň esasy aýratynlygy emeli aň gurallary bilen enjamlaşdyrylan täzelenen gapdal paneli bolar. Ol ulanyja zerur funksiýalary dessine işe girizmäge we gündelik işleri köpugurly iş tertibinde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Şeýlelikde, ulanyjy programmalaryň arasynda geçiş etmezden birnäçe işi bir wagtda ýerine ýetirip biler.

Xiaomi tarapyndan resmi tanyşdyrylyş heniz geçirilmedik hem bolsa, bilermenler kompaniýanyň öňki eplenýän flagmany bolan Xiaomi Mix Fold 4 modeliniň üstünligini pugtalandyrmaga çalyşjakdygyna ynanýarlar. Kämilleşdirilen emeli aňly täze giň formatly modeliň bazara çykmagy premium smartfonlar bazaryndaky güýçleriň deňagramlylygyna düýpli täsir edip biler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026