HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Indoneziýa palma ýagyny ýangyja öwürýär. Näme üçin hojalykçy zenanlar nahar bişirende tygşytlamaly bolýarlar?

Iýun 07, 2026 | 23:50 |1263
Çeşme: orient.tm

1-nji iýuldan B50 programmasy, 48 trillion rupiýa tygşytlylyk, ýag üpjünçiliginiň azalmagy we ýokary baha , köçede naharlaryny satýanlara täsir

“CCTV+” habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, dünýäniň energiýa göterijileriniň nyrhlaryndaky üýtgeşmeler we Indoneziýanyň soňky döwürde biodizel önümçiligi syýasatyny öňe sürmek üçin edýän tagallalarynyň şertinde, ýurduň ýaşaýjylary ösümlik ýagynyň üpjünçiliginiň azalmagy sebäpli nyrhlaryň galmagy bilen bagly artýan basyşlara sezewar bolýarlar.

Hökümet 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, B50 syýasatyny — dizel ýangyjyna palma ýagyndan alnan biodizeliň 50 göterimini garyşdyrmagy hökmany edýän täze tertibi girizýär. Onuň maksady ýangyç importyna bolan garaşlylygy azaltmak we energetika howpsuzlygyny berkitmekdir. Bu başlangyjyň gazylyp alynýan ýangyç sarp edilişini 4 million kilolitr azaltjakdygy we 48 trillion rupiýa (takmynan 2,6 milliard ABŞ dollary) möçberinde ykdysady peýda getirjekdigine garaşylýar.

Emma palma ýagynyň uly böleginiň indi biodizel önümçiligine sarp edilmegi nahar bişirilýän ýagyň üpjünçiligine goşmaça agram salýar. Indoneziýanyň köp sanly öý hojalyklary üçin palma ýagy gündelik iýmitiň esasy önümidir. Nyrhlaryň birden ýokarlanmagy ony barha elýetersiz edýär.

Bazarlar geljekde haryt üpjünçiliginiň has-da azalmagyna garaşýarlar. Durnuksyz nyrhlar eýýämden köp sanly kiçi we garaşsyz kärhanalaryň çykdajylarynyň artmagyna sebäp bolýar.

B50 — bu Indoneziýanyň ýangyç importyny azaltmak we energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, dizel ýangyjyna 50 göterim palma ýagyndan alnan biodizeli garyşdyrmagy talap edýän hökmany maksatnamasydyr. Indoneziýanyň ilaty 275 milliondan geçýär (dünýäde 4-nji orun).

Indoneziýa energetika taýdan garaşsyz bolmak isleýär. Bu öwgä mynasyp. Emma bu garaşsyzlygyň bahasy ýönekeý adamlaryň jübüsine täsir edýär. Millionlarça naharyň esasy bolan palma ýagy ulaglaryň baklaryna guýulýar. Öý hojalykçy zenanlar nahar bişirende ýagy tygşytlaýarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026